Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Orsýet 2021-nji ýylda internet azatlyklaryna garşy göreşini ‘iki esse artdyrdy’


Moskwa. "Internetdäki azatlyk üçin" diýen ýörişe gatnaşan Sergeý Fadeiçew
Moskwa. "Internetdäki azatlyk üçin" diýen ýörişe gatnaşan Sergeý Fadeiçew

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän (HRW) gurama rus häkimiýetleriniň geçen bir ýylyň dowamynda senzuradan sowulyp geçmekde ulanylýan gurallary petiklemek, internet baradaky “repressiw” kanunlary giňeltmek we, has kän bogujy düzgüni goldar ýaly, tehnologiýa kompaniýalaryna basyşy güýçlendirmek bilen, internet azatlyklaryny basyp ýatyrmak babatdaky tagallalaryny iki esse köpeldendigini aýdýar.

"Şu geçen ýylda internet azatlyklaryna garşy edilen düýpli basyş häkimiýetleriň ruslaryň hukuklaryny we internet azatlyklaryny çäklendirmek üçin köp ýyllap eden tagallalarynyň kulminasiýasy, ýagny ýokary derejesi boldy” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça barlagçysynyň kömekçisi Anastasiýa Kruope 24-nji dekabrdaky beýanatynda aýtdy.

"Hökümet özüniň ösýän tehnologiki mümkinçiliklerini Orsýetdäki digital hukuklaryny aýdyň bolmadyk, bikanun we kazyýet işinden daşary ýagdaýda çäklendirmek üçin ulanýar” diýip, ol aýtdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gözegçilik guramasy şu aýyň başynda Toruň, ýerli internet senzurasyndan sowlup geçmek ýa-da internete anonim görnüşde girmek üçin ulanylýan gizlin tilsimiň petiklenmegine salgylandy.

Iýun aýyndan bäri Orsýet, hamala ýurtda gadagan edilen saýtlara girmezlik barada 2017-nji ýylda çykarylan kanuny bozmakda aýyplap, azyndan sekiz sany wirtual hususy ulgamy (VPN), üpjün edijini petikledi diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG