Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: ABŞ bilen howpsuzlyk gepleşikleri baýramçylyk möwsüminden soň geçiriler


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky howpsuzlyk meseleleri boýunça gepleşikleriň Russiýada baýramçylyk möwsümi gutarandan soň geçiriljekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol NATO bilen boljak gepleşiklere harbylaryň hem gatnaşmagyny isleýändigini aýtdy.

Lawrow kremlçi “Solowýow Live” tele-gepleşiginde “Täze Ýyl baýramçylyk möwsümi gutaran dessine, biz Birleşen Ştatlar bilen möhüm [howpsuzlyk] gepleşiklerini geçireris” diýip, belledi.

Russiýa Prawoslaw Roždestwony 7-nji ýanwarda belleýär. Bu ondan soňky iş gününiň 10-njy ýanwarda boljakdygyny aňladýar.

Lawrowyň bellikleri Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýynda harbylarynyň sanyny artdyryp başlamagy, şeýle-de Kremliň NATO-nyň gündogar tarapa giňelmezligi we beýleki “güwanamalar” boýunça edýän talaplary sebäpli, Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Prezident Wladimir Putin 23-nji dekabrda özüniň ýyllyk metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Günbataryň bu talaplary “dessine” kabul etmelidigini aýtdy.

Putin 26-njy dekabrda rus habar serişdesine beren interwýusynda, eger-de Günbatar Moskwanyň talaplaryny berjaý etmese, onda özüniň dürli çäreleri seljerjekdigini belledi. Ol Russiýanyň jogabynyň “dürli bolup biljekdigini” aýtdy, şeýle-de munuň harby ekspertleriniň hödürlejek tekliplerine bagly boljakdygyny nygtady.

Lawrow 27-nji dekabrda eden çykyşynda NATO bilen geçiriljek gepleşiklere harby resmileriň hem gatnaşmagyny isleýändigini aýtdy, şeýle-de Günbataryň howpsuzlyk ýaranlygyny “geosyýasy proýekt” hökmünde atlandyryp tankytlady.

Mundan bir gün öň, Russiýanyň Daşary işler ministrligi NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň 12-nji ýanwarda NATO-Russiýa Geňeşiniň maslahatyny geçirmek barada teklip edendigini tassyklady. Kreml bu gepleşiklere gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny häzirlikçe aýan etmedi.

XS
SM
MD
LG