Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus diýdimzor Lukaşenkanyň häkimiýetini güýçlendirjek konstitusion üýtgetmeleriň taslamasyny çap etdi


Aleksandr Lukaşenka ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýär.
Aleksandr Lukaşenka ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýär.

Belarusda diýdimzor Aleksandr Lukaşenka ýurduň Konstitusiýana girizilmeli üýtgetmeleriň taslamasyny çap etdi. 27-nji dekabrda prezidentiň websaýtynda çap edilen bu üýtgetmeler Lukaşenkanyň awtoritar dolandyryşyny hasam berkidip, onuň häkimiýet başynda 2035-nji ýyla çenli galmagyna mümkinçilik hem döredýär.

67 ýaşly Lukaşenka üýtgetmeler boýunça referendumyň 2022-nji ýylyň fewralyna golaý geçiriljekdigini aýtdy.

Lukaşenka Konstitusiýa goşmaçalary girizmek baradaky teklibini 2020-nji ýylyň awgustyndaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň, Minskiň protestleri gazaply basyp ýatyrmagy sebäpli, hem ýurduň içinde, hem-de daşynda nägilelikleriň artyp başlamagynyň arasynda hödür edipdi. Geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenkanyň altynjy möhlete prezident saýlanandygy öňe sürüldi. Emma oppozisiýa we Günbatar ses berişligiň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Hödürlenýän üýtgetmelere laýyklykda, Lukaşenka yzarlamalardan eldegirilmesizlik haky berilýär, şeýle-de prezidentlige bäş ýyl möhlet bilen iki gezek saýlanmaga mümkinçilik döredilýär. Emma bular öňki kanunçylygy göz öňünde tutmaýar. Bu Lukaşenkanyň 81 ýaşyna çenli ýurdy dolandyryp biljekdigini aňladýar.

Üýtgetmeler ýurduň parlamentiniň ygtyýarlyklaryny kemeldip, munuň deregine Ähli Halk Belarus Geňeşiniň hak-hukuklaryny artdyrýar. Bu Geňeş režimiň tarapdarlaryndan düzülip, häzirki kanunçylyga laýyklykda onuň kanunçykaryjy statusy ýok.

Lukaşenkanyň garşydaşlary onuň Konstitusiýany üýtgedip, häkimiýet başynda galmaga ymtylýandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG