Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çäginde ýerasty suwlar tapylan “Aşgabat-sitiniň” gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işleri geçiriler


Ilatyň agramly bölegini garyplyk girdabyna iteren agyr ykdysady krizis şertlerinde bahasy miliardlarça dollara barabar bolan "Aşgabat-siti" taslamasy bina edilýär.
Ilatyň agramly bölegini garyplyk girdabyna iteren agyr ykdysady krizis şertlerinde bahasy miliardlarça dollara barabar bolan "Aşgabat-siti" taslamasy bina edilýär.

“Aşgabat-sitiniň” gurluşyk müdirligi taslamanyň gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işlerini amala aşyrmagy meýilleşdirýär. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri gözleg işlerini geçirmek boýunça “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde tender yglan edilendigini habar berdi. Azatlyk mundan ozal iri desganyň gurluşyk meýdanynda taslamaçylaryň ýerasty suw meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny habar berdi. Bu ýagdaý gurluşyk işleriniň agramly böleginiň togtadylmagyna alyp geldi, taslamanyň ýolbaşçylary bolsa bu meseläni prezidente habar bermekden howatyr etdi.

Döwlet eýeçiligindäki “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti 25-nji dekabrda “baý tejribä eýe bolan kompaniýalary” “Aşgabat-siti” taslamasyna çekmek üçin “halkara tender” geçirilýändigi barada iki bildiriş çap etdi. “Türkmenistanyň hronikasy” hökümet gazetinde çap edilen tenderler barada ilkinji bolup habar berdi.

Iki tender hem Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan yglan edildi, ýöne arzalary tabşyrmak üçin göni “Aşgabat-sitiniň” gurluşyk müdirliginiň salgysy görkezilýär.

"Neýtralnyý Türkmenistanyň" bildirişi
"Neýtralnyý Türkmenistanyň" bildirişi

Birinji tenderde müdirlik “Aşgabat-sitide” ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak üçin bölünip berlen ýerlerde giňişleýin inženerçilik-geologiýa gözleg işlerini geçirmek maksady bilen “baý tejribä eýe bolan” kompaniýalary gözleýär.

Arzalary tabşyrmak üçin bellenen möhlet 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda tamamlanýar, ýagny inženerçilik-geologiýa barlag işlerini “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna resmi taýdan badalga berilmeginden tas bir ýyl soň we taslama işlerine girişilmeginden iki ýyl geçenden soň, bahar aýlarynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýatlasak, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen dabarada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi “Aşgabat-sitiniň” düýbüni tutdy. Taslamany gurmak baradaky pikir 2019-njy ýylyň ahyrynda öňe sürüldi.

Şu ýylyň iýul aýynda Azatlyk öz çeşmelerine salgylanyp, “Aşgabat-siti” taslamasynyň gurluşyk meýdançasynyň ep-esli böleginde ýokary gatlakda ýalpak ýatakly ýerasty suwlaryň tapylandygyny habar berdi. Munuň bilen baglylykda, taslamaçylar onlarça belent binany öz içine alýan şeýle uly toplumy bina etmegiň soňy bilen uly kynçylyklary döredip biljekdiginden howatyr etdiler.

Taslama gatnaşýan birnäçe hünärmen şonda gurluşygy dowam etdirmegiň mümkin däldigini we gurluşyk ýolbaşçylarynyň bu habar bilen prezidentiň ýanyna gitmekden howatyr edýändiklerini gürrüň berdiler.

“Indi olar bu habar bilen prezidentiň ýanyna gitmekden gorkýarlar. Ýöne gurluşyk hünärmenleriniň ählisi bu ýagdaýda gymmat bahaly ýokary tehnologiýaly nasos desgalaryny gurmazdan, gurluşygy dowam etdirmegiň mümkin däldigini aýdýarlar. Bu ýerde-de täze halkara howa menzilindäki ýagdaý gaýtalanar diýýärler, ol desga açylandan gysga wagtyň içinde, diwarlarda uly jaýryklar döräp başlady. Ýöne hünärmenler “Aşgabat-sitiniň” Garagum kanalynyň demirgazygynda gurulýandygy sebäpli ýagdaýyň has çynlakaýdygyny we bu ýerde ne 35 gatly bina, ne-de beýik binalar gurup bolýandygyny aýdýarlar” diýip, Azatlygyň bir çeşmesi iýulyň ahyrynda habar berdi.

Uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda gidrogeologiýa meseleleri bilen meşgullanan bir garaşsyz hünärmen, şol döwürler, Azatlyk bilen söhbetdeşlikde ýeriň ýokary gatlagynda ýerasty suwlaryň tapylmagyna özüniň geň galmandygyny, ýöne “Aşgabat-siti” taslamaçylarynyň näme sebäpden garym gazmaga başlanylandan soňra ýerasty suwlary tapandyklaryna özüniň geň galandygyny gürrüň berdi.

“Garagum kanalynyň demirgazygyndaky sebitlerde ýerasty suwuň köp bolmagy hemmä belli hakykat. Ol taýda käbir ýerlerde ýerasty suwuň çuňlugy bir metrdenem ýokarda. Muny bilmek üçin çukur gazmak hökman däl. Hatda kanalyň günorta böleginden gurlan täze howa menzili dagdan gaýdýan ýerasty suwlardan halas däl, diňe ýerasty suwlary gije-gündiziň dowamynda sorup aýyrmak mümkin. Şeýle-de bolsa, 2017-nji ýylyň başynda howa menziliniň binasynyň çat açmagy, diwarlarda jaýryklaryň emele gelmegi bilen baglanyşykly mesele ýüze çykdy. Kanalyň demirgazygynda ýagdaý, elbetde, has çynlakaý bolar. Hünärmenleriň diňe howa menzilindäki ýagdaýyň gaýtalanmagyndan howatyr edýändigine geň galýaryn. Hünärmen bolsalar, muňa hökman ynanmalydyrlar. Ilkibaşdan men näme üçin şol ýerden gurluşyk işleriniň başlanmagyna düşünmedim. Munuň özi gurluşyga şeýle karar beren wezipeli adamlaryň düýbünden sowatsyzdygyny görkezýär" diýip, hünärmen şonda gürrüň berdi we Aşgabadyň bu etrabynda gurluşyk dowam etdirilen halatynda başga problemalaryň hem ýüze çykmak ähtimallygy barada duýduryş berdi.

“Ýerasty suwlar bilen baglanyşykly beýleki bir agyr ýagdaý – şorlaşmak. Bu diňe bir ýaşyl meýdanlara däl, duz hatda gatadylan topraga-da aralaşyp, binalara howp salyp biler. Şeýle ýerler üçin duza çydamly, gaty gymmat bahaly ýörite beton ulanmaly, bu gaty gymmada düşýär. Şeýle hem, ýerasty suwlaryň ýokary bolmagy seýsmiki howpy-da ýokarlanýar" diýip, gidrogeologiýa hünärmeni gürrüň berdi.

Türkmenistanyň taryhyndaky iň gymmat bahaly “Aşgabat-siti” taslamasy türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde, Gurtly suw howdanynyň golaýynda gurulýar. Resmi maglumatlara görä, toplumyň umumy meýdany 744 gektar bolup, 12-35 gat belentligi bolan we 107 müň ilat üçin niýetlenen 180 ýaşaýyş jaýy we beýleki goşmaça desgalary, jemi 200-den gowrak binany öz içine alar. Hünärmenler ozal hem ýer titremesine sezewar bolan Aşgabatda 35 gatly binany gurmagyň netijesiz boljakdygy barada alada bildirdiler.

2017-nji ýylyň ýanwarynda soňky ýyllarda bina edilen beýleki bir iri taslamada problema ýüze çykdy. Aşgabadyň halkara howa menziliniň binasy ulanylmaga berlenden soňra çöküp başlady. Şonda bu meseläni çözmek üçin “Bouygues Construction” fransuz gurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri getirildi.

Ikinji tenderde müdirlik “Aşgabat-sitidäki” ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynda “ýokary tehnologiýaly sanly ulgamlary ornaşdyrmak üçin” geňeşdarlyk kärhanasyny gözleýär.

Prezident Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan nobatdaky miliardlarça dollarlyk mega-taslamanyň gurluşygy ilatyň aglaba bölegini garyplyk girdabyna iteren ykdysady çökgünlik şertlerinde alnyp barylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG