Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň seýsmologiki sebitinde 35 gatly bina gurlar


Aşgabadyň etrapçalarynyň biriniň arasyndan atly barýan ýigitler

Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary, maliýe ýetmezçiligini, iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegini başdan geçirýän döwri, türkmen emeldarlary Aşgabadyň seýsmologiki taýdan aktiw bir sebitinde 35 gatly binanyň guruljakdygyny mälim etdiler.

Bu barada Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Döwlet ekspertizasy boýunça baş edarasynyň ýolbaşçysy Myrat Nepesow 19-njy noýabrda yglan etdi. Ol Russiýanyň Ýokary döwlet ekspertiza gullugynyň howandarlygyndaky “Gurluşyk ekspertiza institutynyň ösüşi” atly IV halkara konferensiýanyň dowamynda çykyş etdi.

Nepesow täze binanyň, şeýle-de başga köp gatly desgalaryň paýtagtyň demirgazyk sebitinde gurulmagy göz öňünde tutulýan “Aşgabat-Siti”toplumynyň çäginde galdyryljakdygyny aýtdy.

2019-njy ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda şäher içinde guruljak, emma umumy bahasy aýdylmaýan “Aşgabat-siti” taslamasynyň guruljakdygyny yglan edipdi.

744 gektar meýdanda gurulmagy göz öňünde tutulýan bu işewürlik merkezinde umumy hasapda 200 desgany, şol sanda 170 müň adama niýetlenen 12 gatdan 35 gata çenli 180 ýaşaýyş jaýyny gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda gurluşyk pudagyna edilýän köp millionlyk çykdajylar ýurtda ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna hem-de pandemiýa sebäpli global ykdysadyýetiň, şol sanda türkmen ykdysadyýetiniň has-da haýallaýan wagtyna gabat gelýär.

Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň pikiriçe, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň esasy sebäpleriniň biri prezidentiň bir özi tarapyndan karar berilýän "gymmatbaha, özüni ödemeýän gurluşyk taslamalary" bolup durýar.

Şol bir wagtda, prezident Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda “dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyrypdy.

Emma mundan ýedi aý töweregi edilen tabşyryga garamazdan ýurtda, hususanda Aşgabatda gymmat bahaly, şol sanda senagat ähmiýeti bolmadyk myhmanhanalaryň, maslahat merkezleriniň gurluşygy dowam edýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar Türkmenistanda gurlup ulanylmaga berilýän kaşaň myhmanhanalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar.

Russiýanyň Ýokary döwlet ekspertiza gullugynyň websaýtynda konferensiýanyň netijeleri boýunça ýerleşdiren maglumatda täze 35 gatly binanyň Aşgabadyň 9 baldan hem aşýan seýsmiki taýdan aktiw zonasynda galdyryljakdygy bellenilýär.

Şol bir wagtda, Nepesow Aşgabatda 1948-nji ýylyň oktýabrynda uly heläkçilikli ýertitremäniň bolandygyny, onuň netijesinde “şäheriň tas ýeriň ýüzünden syrylandygyny, şeýle-de 100 müňden hem aşa adamyň ölendigini” aýtsa-da, täze binanyň gurluşynda seýsmologiki ýagdaýlara aýratyn üns beriljekdigini öňe sürdi.

Galyberse-de, bu habar Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda ýerli gurluşyk firmalarynyň gurjak täze etrabynyň binalarynyň taslamalaryna seredilýän wagtyna gabat geldi. TDH-nyň maglumatyna görä, Çoganlyda, Aşgabat-Daşoguz awtoulag ýolunyň iki tarapyndan ýaýbaňlanjak şäherçäniň meýdany 620 ýa-da 663 gektara deň bolup, ol ýerde15-35 gat aralygyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň 130-dan 177-ä çenlisini gurmak planlaşdyrylýar.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýerli inženerleriň biri Çoganlyda, ýakyndan geçýän kanal zerarly,ýerasty suwuň derejesiniň ýokarydygyny, üstesine Aşgabadyň töwereginiň ýokary seýsmiki aktiwlik derejesini hem ýatdan çykarmaly däldigini belläp, ýerli gurluşyk firmalaryna bu hili taslamalaryň ynanylmagyny sorag astyna aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör (6)

XS
SM
MD
LG