Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi ýurtda ölüm jezasynyň dikeldilmeginiň mümkindigini ýaňzydýar


Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy Waleriý Zorkin
Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy Waleriý Zorkin

Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy Waleriý Zorkin Orsýetde ölüm jezasynyň dikeldilmeginiň mümkindigini ýaňzytdy. Şol bir wagtda-da ol wakalaryň beýle öwrüm almak ähtimallygy az diýip pikir edýär.

Zorkin kazyýetiň web sahypasynda "Konstitusiýa adalaty: prosedura we many" ady bilen çap edilen täze kitabynda öz wagtynda ölüm jezasyna moratoriýa girizilmeginiň Russiýanyň milli hukuk aňyna mahsus bolmadyk "gymmatlyk egilişigi" bolandygyny ýazdy.

Zorkiniň pikiriçe, bilkastdan adam öldürmek saklanyp galýan wagtynda, ölüm jezasyny ulanmak meselesini ýapyp bolmaz. Onuň sözlerine görä, köp zat Russiýanyň umumy hukuk ýagdaýyna, ýurduň "güýçli, özüne ynamly kanunçylyk" döretmekde näderejede ilerläp biljekdigine bagly.

Ýurtda ölüm jezasyna girizilen moratoriýany ol "hukuk deňligi ýörelgeleriniň talaplaryndan daşlaşmak esasynda gelnen eglişik" hökmünde häsiýetlendirdi.

Russiýanyň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin 2017-nji ýylda Russiýada ölüm jezasyna girizilen moratoriýany ýatyrmaga diňe referendum netijeleri esasynda rugsat edilip bilinjekdigini aýtdy.

Russiýada ölüm jezasy kanun esasynda ýatyrylmady. 1996-njy ýylda Ýewropa Geňeşine goşulmagy bilen, Russiýada ölüm jezasynyň ulanylmagy baradaky moratoriýa güýje girdi. Konstitusiýa kazyýeti 2009-njy ýylda kazyýetleriň ölüm jezasyny bermegini gutarnykly ýagdaýda gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG