Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Çynlakaý, Esasly': Baýden, Putin Ukrainadaky dartgynlyklar arasynda diplomatiýany tijendirmek ylalaşygyna geldi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşýär.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşýär.

Prezident Jozef R. Baýden şu gün Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen söhbetdeş boldy.

Prezident Baýden Russiýany Ukraina bilen aradaky dartgynlygy gowşatmaga çagyrdy. Ol, eger-de Orsýet Ukraina mundan aňryk hem müňzese, ABŞ-nyň, onuň ýaranlarynyň we hyzmatdaşlarynyň aýgytly gaýtawul berjekdigini aýtdy diýip, Ak tamyň metbugat wekili Jen Psaki 30-njy dekabrda aýtdy.

30-njy dekabrdaky 50 minutlyk söhbetdeşlik wagtynda iki lider indiki aýyň başynda geçiriljek gepleşikleriň üç tapgyrynyň düýbüni tutmak üçin “çynlakaý we esasly” pikir alyşdy diýip, Baýden administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi, ynjyk diplomatik meseleler sebäpli, žurnalistler bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürrüň edende aýtdy.

ABŞ-nyň we Russiýanyň resmileri 9-10-njy ýanwarda Ženewada duşuşyp, ikitaraplaýyn Strategiki durnuklylyk gepleşikleri wagtynda ýaraglara gözegçilik we Ukrainadaky dartgynlygy azaltmak barada pikir alyşarlar.

Soňra, 12-nji ýanwarda bolsa, Brýusselde Russiýa-NATO Geňeşiniň aýratyn ýygnagy geçiriler, şondan bir gün soň bolsa ÝHHG-nyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde, ABŞ-nyň, onuň ÝB ýaranlarynyň, Ukrainanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, Wenada ýygnak geçiriler.

"Baýden bu çagyryşa, [öňde durýan gepleşiklerde] pragmatiki, netijelere gönükdirilen diplomatiýa üçin esas döretmek nukdaý nazaryndan örän ýokary baha berdi" diýip, uly derejeli ABŞ resmisi aýtdy.

Kremliň 31-nji dekabrda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, Baýden Putine Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň çäginde hüjüm ýaraglaryny ýerleşdirmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar 2014-nji ýyldan bäri Ukraina 2,5 milliard dollardan gowrak bahasy bolan harby kömek berdi, şol sanda Ukrainanyň gündogarynda Orsýet tarapyndan goldanýan separatistlere garşy söweşýän hökümet güýçlerine agyr ýaraglar hem berildi.

Putin Baýdene Ukrainadaky ýagdaýlar gyzyşan ýagdaýynda ABŞ-nyň Russiýa garşy "köpçülikleýin" sanksiýa girizmegi "rus-amerikan gatnaşyklarynyň doly bozulmagyna" wehim salyp biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG