Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Erdogan Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryny ösdürmegi wada berýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdogan Soçide duşuşýar. 17-nji sentýabr, 2018 ý. Arhiw suraty.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdogan Soçide duşuşýar. 17-nji sentýabr, 2018 ý. Arhiw suraty.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdogan telefon söhbetdeşliginde gatnaşyklary ösdürmegi wada berdi diýip, taraplar beýanat berdi.

Putin we Erdogan “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy gözden geçirdiler we Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi tutanýerlilik bilen dowam etdirmegi ýene bir gezek tassykladylar” diýip, 2-nji ýanwarda Kreml aýtdy.

“Taraplar global meselelere, şol sanda Russiýanyň howpsuzlygyny kepillendirjek kanuny ylalaşyklaryň taýýarlanylmagy barada soňky tekliplere, Günorta Kawkazdaky ýagdaýlara hem-de Siriýa we Liwiýa krizislerini çözmek tagallalaryna degip geçdiler” diýip, beýanat aýtdy.

Türkiýäniň Aragatnaşyk müdirligi telefon söhbetdeşliginiň gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.

“Ähli ugurlarda Türkiýe-Russiýa hyzmatdaşlygyny tutanýerli ösdürmegi ýene bir gezek tassyklan duşuşykda sebit we halkara meseleler, şol sanda Kawkaz ýurtlary, Siriýa we Liwiýa maslahat edildi” diýip, türk tarapy aýtdy.

XS
SM
MD
LG