Ýokary derejeli eýran generalynyň ABŞ dron hüjümi bilen öldürilmeginiň ikinji ýyl dönüminde ýokarlanýan sebit dartgynlygyň arasynda, 3-nji ýanwarda Amerikan güýçleriniň Bagdat Halkara howa menzilindäki harby desgalaryna ýakynlaşan iki ýaragly dron urlup ýykyldy diýip, howpsuzlyk çeşmeleri aýtdy.
“Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy göreşýän ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň raketa hüjümlerinden goranyş ulgamlary “iki sany pilotsyz uçary anyklady we olar hiç hili hadysa ýol berilmezden urlup ýykyldy” diýip, koalisiýa çeşmesi AFP habar agentligine aýtdy.
Piltosyz uçary “janyndan geçeniň drony” hökmünde suratlandyran koalisiýa resmisi AP habar agentligine “bu hadysanyň raýat howa menziline edilen howply hüjüm bolandygyny” gürrüň berdi.
Yragyň howpsuzlyk resmileri bu hadysada hiç hili zyýan çekilmändigini ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygyny tassyklady.
Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň “Kuds güýçlerine” ýolbaşçylyk eden general Kasem Soleýmani we onuň yrakly leýtenanty Abu Hamid al-Muhandis 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Bagdat howa menziliniň golaýynda amala aşyrylan bir dron hüjümi bilen öldürildi.
Şol wagtky prezident Donald Tramp tarapyndan buýruk berlen howa hüjümi ABŞ-nyň Yrakdaky bähbitlerine edilýän hüjümlere jogap hökmünde amala aşyryldy.
Soleýmani Eýranyň Ýakyn Gündogardaky harby strategiýasynyň esasy arhitektory hasaplanýardy we onuň öldürilmegi Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirdi.
Soleýmaniniň ölüminden bäş gün soňra, Eýran ABŞ güýçlerini kabul eden Yrakdaky bir harby howa bazasyna we Yragyň Erbil şäherine golaý beýleki bir harby baza raketa atdy.
Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň alamaty hökmünde Ysraýylyň bir iri gazetiniň web-saýtyna 2-nji ýanwarda hakerler tarapyndan hüjüm edildi.