Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell, Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyryp başlamagynyň arasynda Kiýewe goldawyny äşgär etmek üçin, 4-nji ýanwarda Ukraina sapar edýär.
Borrelliň üç günlük saparynyň dowamynda Ukrainanyň gündogaryndaky aragatnaşyk zolagyna hem baryp görmegine garaşylýar. Bu sebitde Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler Ukrainanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýärler.
Ýewropa Komissiýasy Borrelliň sapary barada 3-nji ýanwarda mälim etdi. Maglumata görä, Borrell Ukrainanyň gündogaryna baryp göreninden soňra, Kiýewde ukrain resmileri bilen gepleşikleri geçirer.
Günbatar Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylaryny artdyryp, çozuşa taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigi barada aladalanýar.
9-10-njy ýanwarda ABŞ we rus resmileri krizis boýunça Ženewada gepleşikleri geçirerler. Mundan öň, Moskwa Birleşen Ştatlardan we NATO-dan howpsuzlyk kepillerini talap etdi.
Bu gepleşiklerden soň, başga-da ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň, Russiýa-NATO we aýratynlykda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) çäginde hem gepleşikleri geçirmek planlaşdyrylýar.
Döwlet departamentiniň 3-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Döwlet sekretary Antoni Blinken NATO-nyň gündogaryndaky dokuz flangy bilen Russiýanyň harbylarynyň sanyny artdyrmagyny maslahat edipdir.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Blinken we “Buharest dokuzlygy” toparynyň daşary işler ministrleri Russiýanyň “Ukrainanyň gündogaryndaky harbylarynyň durnuksyzlaşdyryjy ýagdaýda artdyryp başlamagyny, NATO-nyň ýaranlarynyň goragyny üpjün etmegi üçin jebis, taýýar we çözgütli durumynyň zerurdygyny, şeýle-de umumy wehimleri döredýän meseleler boýunça transatlantik hyzmatdaşlygyny” maslahat edipdirler.
“Döwlet sekretary dartgynlylyklary goranmak, saklamak we dialog arkaly gowşatmak ugrunda transatlantik ýaranlaryň ählisi bilen dowamly ýakyn konsultasiýalary geçirmäge we hereketleriň utgaşdyrylmagyna ygrarlydygyny belledi” diýip, beýanatda aýdylýar.
“Buharest dokuzlygy” toparynyň düzümine – Rumyniýa, Polşa, Wengriýa, Bolgariýa, Çehiýa Respublikasy, Slowakiýa, Estoniýa, Latwiýa we Litwa girýär. Bularyň ählisi NATO-nyň gündogar serhetlerini emele getirýär.
Russiýa Ukrainanyň we beýleki ozalky sowet respublikalarynyň NATO-nyň düzümine kabul edilmejekdigi, şeýle-de ýaranlygyň Merkezi we Gündogar Ýewropada harbylaryny ýerleşdirmejekdigi boýunça kepilleri talap edýär.
Günbatar Moskwanyň NATO baradaky ultimatumyny ret etdi, şeýle-de eger ol Ukraina hüjüm etse, onda oňa garşy berk sanskiýalaryň giriziljekdigini we beýleki çäreleriň görüljekdigini duýdurdy.