Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň metjitlerinde bäş gezek azana çagyrylýar, ýöne dinçilere namaza durmak gadagan edilýär


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanda dinçiler ýene-de basyşa sezewar edilýär. Paýtagtyň döwlet edaralarynyň işgärlerine iş ýerlerinde namaz okamak gadagan edildi. Şu wagt ýurduň mejitleri koronawirus pandemiýasynyň arasynda ýapyk galýan hem bolsa, her gün bäş gezek azana çagyryş yglan edýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri we habarçylary namaz okaýan raýatlara edilýän basyşyň ýene güýçlenendigini habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, döwlet edaralarynda işgärlere işden aýrylmak howpy astynda namaz okamazlyk barada duýduryş berilýär.

"Ýörite gulluklaryň wekilleri namaz okaýanlary döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýüze çykarsa, olara işinden boşadylmak howpy abanýar" - diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de paýtagtdaky ähli metjitler günde bäş gezek sesgataldyjylaryň üsti bilen azan yglan edýärler. Namaza çagyryş hemme ýerde eşidilýär. 4-nji dekabrda Aşgabatda düşürilen wideoda, daň garaňkysynda bankomatlaryň öňünde nobatda garaşyp duran adamlary we azanyň batly sesini eşidip bolýar. Azatlyk öz çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly bu wideony çap etmekden saklanýar.

Aşgabatdaky metjitler henizem raýatlary kabul etmeýär. Koronawirus çäklendirmeleriniň bir bölegi hökmünde awgust aýynyň ahyrynda metjitler ýapylandan soň, dinçiler köpçülikleýin namaz okamak mümkinçiliginden mahrum boldular.

Häkimiýetler, raýatlaryň iş ýerinde namaza durmagynyň öňüni almak üçin dinçilere basyşyny yzygiderli güýçlendirýär. Soňky on ýylda guramalarda we edaralarda namaz okamak üçin ýörite otaglaryň bolmagy gadagan edildi.

Häzirki wagtda dinçileriň din ybadatyny berjaý etmegi üçin öýde namaz okamak ýeke-täk rugsat berlen usulydyr. Emma dinçileriň özleriniň aýtmagyna görä, köpler öz dini ynanjyny ýaşyrmaga we hatda öýünde-de namazy gizlin okamaga mejbur bolýar.

Şu ýylyň aprel aýynda metjitler birinji koronawirus gulplamasyndan soň açylanda häkimiýetleriň ýene bir basyşyna sezewar bolupdy. Maryda dinçiler musulmanlaryň Oraz baýramy mynasybetli baýramçylyk namazyny okamak üçin şäheriň esasy metjidine baranda, olara girmäge rugsat berilmedi. Bu, COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň awgust-aprel aýlarynda ýapyk duran metjitleriň sekiz aýdan soň işläp başlan pursadyna gabat gelipdi.

Şondan birnäçe aý geçensoň, Türkmenistandaky metjitler awgust aýynyň ahyrynda ýene ýapyldy. Ikinji gulplama ýurtda koronawirus keseliniň we ölüm derejesiniň ýokarlanan wagtynda girizildi.

Metjitleriň dekabr aýynda açylmagyna garaşylypdy. Dekabr aýynyň başynda Azatlygyň habarçylary metjitleriň işine gaýtadan başlanmak möhletiniň yza süýşürilendigini habar berdiler. Hususan-da, Lebap welaýatynda dinçilere baş müftiniň "pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaý kyn bolan wagtynda uly ýygnanyşyklaryň ýerliksizdigi barada karar çykarandygy" aýdyldy.

Ýurduň häkimiýetleri pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýekejesiniň-de tapylmandygyny öňe sürmegini dowam etdirýärler we döwlet habar beriş serişdeleri çäklendiriji çäreleriň girizilmegi we gowşadylmagy barada ilaty habarly etmeýärler.

Dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň konstitusiýasy raýatlar üçin din azatlygyny kepillendirýär; iş ýüzünde ýurtda dürli dini toparlaryň wekilleri, şol sanda musulmanlar yzarlanýar.

Iýul aýynda, ýurduň gündogar sebitinde, Lebap welaýatynda Gurban baýramynyň birinji güni dinçileriň öýlerinde köpçülikleýin reýdler boldy. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri raýatlaryň öýlerini döküp, dini edebiýaty ele saldy we soňra ony “Türkmenistanyň dini edebiýat standartlaryna” laýyk gelip-gelmeýändigini barlady.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň raýatlarynyň din azatlygyny çäklendirýändigi üçin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dünýädäki dini azatlygyň ýagdaýy baradaky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan "din azatlygyny yzygiderli we gödek bozýandygy" üçin alada döredýän ýurtlaryň sanawynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG