Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda zenanlara köpçülikde hijab atynmak gadagan edilýär


Marynyň metjidi
Marynyň metjidi

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Marynyň häkimiýetleri yslam däp-dessurlaryny berjaý edýän we geýimlerini geýýän raýatlary yzarlamagyny dowam etdirýärler. Namaz okamak, sakgal goýbermek, öýlerde oglanlara sünnet etdirmek ýaly meselelerden daşary indi aýal-gyzlaryň daşarda hijab atynmagy hem bu regionda gadagan edilýär.

Şu günler hijably aýal maşgalalary görüp bolmaýar diýse bolýar diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, hijab atynmak gadagançylygy regionda ençeme wagt bäri bar, emma şu çaka çenli ol esasan döwlet edaralarynda we kärhanalarynda işleýän zenanlara degişli bolup, hijabýň köpçülik ýerlerde geýilmegi gadagan edilmändir.

"Aýallara indi jemgyýetçilik ýerlerde hijab geýmegi gadagan edýärler. Öň döwlet edaralarynda we kärhanalarynda işleýän zenanlara hijab geýmegi gadagan edýärdiler, emma hijably aýallara köçelerde, bazarlarda, umuman ähli jemgyýetçilik ýerlerde duş gelip bolýardy. Bazarlarda hijably zenanlar haryt satýardy, indi olaryň ählisi türkmen ýaglyklarynda" diýip, Marydaky habarçymyz 6-njy dekabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, hijab gadagançylygy ilata dilden ýetirilýär, ony atynýan zenanlar polisiýanyň yzarlamalaryna sezewar bolýarlar, soraga çekilýärler we olara haýbat atylýar.

"Eger olar işlemegini dowam etdirjek bolsalar hijab atynmaly däl, bolmasa baryp, olary sorag çekýärler. Bir zenan özüne wahhabistlere gatnaşygy barada sorag berlendigini gürrüň berdi. Ol ýok diýip özüniň dinçidigini aýdanda, howpsuzlyk gullugynyň işgäri onda oňa hijab dakynmagyň hökmany däldigini aýdypdyr" diýip, soraga çekilen zenanlar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berýär.

Türkmenistanda zenanlaryň hijab üçin yzarlanmagy häkimiýetleriň namaz okaýanlara, sakgal goýberýänlere basyş edýän döwrüne gabat gelýär.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, bu regionda dinçiler, şol sanda zenanlar az däl, emma köpçülik häzirki wagtda yzarlamalardan howatyrlanyp, dine bolan gatnaşygyny açyk beýan etmekden saklanýar.

"Howpsuzlyk gulluklaryň işgärleri erkek adamlary sakgal üçin, zenanlary hijab üçin soraga çekip bilýärler. Üstesine, döwlet edaralarynda işleýän erkekler namaz okaýandygy üçin işden kowulýarlar. Hut şu sebäpden wezipeli işlerde işleýän dinçi adamlar namaz okamagyny bes etmeli bolýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosy ýerli administrasiýanyň we polisiýanyň wekillerinden maglumat we pikir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň din azatlygyna kepil geçýär. Dini däp- dessurlaryň we geýimleriň gadagançylygy kanunlarda agzalmaýar.

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň namaz okamak, ýanynda gurhan saklamak we dini meseler barada gürleşmek ýaly sebäplerden yzarlamalara we basyşlara sezewar edilmegine degişli wakalaryň ençemesi köpçülige mälim boldy.

Geçen ýylyň aýagynda Aşgabadyň aeroportunda Türkiýeden Türkmenistana baran lebaply zenan ýanynda dini kitaplaryň bolandygy üçin soraga çekildi.

Azatlyga mälim bolşuna görä, şonda zenan migrasiýa barlagyndan geçenden ony uniforma geýnen bir polisiýa işgäri hem-de raýat eşikli iki howpsuzlyk işgäri soraga çagyrypdyr. Häkimiýetleri esasan zenanyň ýany bilen sowgatlyk diýip alyp baran gurhan kitaby gyzyklandyrypdyr.

Şeýle-de, häkimiýetler soraga çekilýän aýalyň saçynyň hem-de eşiginiň reňkine degişli sorag beripdir. Olar onuň saçynyň näme üçin sary däldigi, eşiginiň reňkiniň bolsa näme sebäpden garadygy bilen gyzyklanypdyr.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurt raýatlarynyň, şol sanda aýal-gyzlaryň üst-başyna umuman gözegçilik edýärler. Döwlet edara-kärhanalarynda işleýän zenanlar uzyn köýnek we milli ýaglyk dakynmaga mejbur edilýärler. Bu talaby berjaý etmedikler işden kowulmak ýaly basyşlara sezewar edilip bilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG