Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanadanyň kazyýeti Eýranda urlan uçaryň ýolagçylarynyň maşgalalaryna $107 million tölemegi buýurdy


Kanadanyň Ontario welaýatynyň kazyýeti 2020-nji ýylda Tähranda halkara howa ýollarynyň uçary urlup ýykylanda ölen alty adamyň maşgalasyna Eýrandan 107 million dollar öwez puluny almak barada karar çykardy.

CBC teleýaýlymynyň habaryna görä, 31-nji dekabrda kabul edilen karar 4-nji ýanwarda çap edildi.

Ontario Ýokary kazyýetiniň kararyna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň Tähranyň golaýynda heläkçilige uçran ýolagçy uçary (Boeing-737) bilkastdan edilen terrorçylygyň pidasy boldy.

Kazy bu karary hünärmenleriň gelen netijeleri esasynda çykardy, olaryň biri harbylaryň onuň raýat uçarydygyny öňünden bilendigini, emma bilkastdan atyp ýykandygyny aýtdy.

Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Tähranyň golaýynda Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň “Boeing” kysymly uçaryny urup ýykdy. Bu betbagtçylykda 176 ýolagçy we ekipaž agzalary öldi.

Heläk bolanlaryň arasynda 11 sany ukrainaly bilen, Eýranyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Şwesiýanyň we Owganystanyň raýatlary hem bardy.

XS
SM
MD
LG