Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler gazak ÝOJ-larynda bilim alýan türkmenistanlylaryň hossarlary bilen ýygnaklary geçirýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Gazagystanda bolup geçýän tolgunyşyklarynyň fonunda türkmen häkimiýetleri ogul-gyzy Gazagystanda bilim alýan balkanly we lebaply ene-atalar bilen ýygnaklary geçirýärler. Ýygnaklarda olar, hamala, özlerinde protestlere gatnaşýan türkmen ýaşlary barada maglumatyň bardygyny öňe sürüp, ene-atalardan öz çagalaryna protest hereketine goşulmazlygy tabşyrmagy talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy ýanwarda habar berdi.

Onuň ýygnaga gatnaşan ene-atalara salgylanyp, habar bermegine görä, häkimiýetler, hamala, türkmen hökümetine gazak tarapyndan protestlere gatnaşýan türkmenistanly studentler barada maglumatyň gelip gowşandygyny öňe sürýärler.

Ene-atalar bilen geçirilýän ýygnaklary welaýat Bilim bölüminiň we ýerli Migrasiýa gullugynyň işgärleri, şeýle-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýa edaralarynyň işgärleri guramalaşdyrýarlar.

Şeýle ýygnaklar Lebap welaýatynyň häkimliginde 5-nji ýanwarda ýerli wagt bilen agşam sagat 7-de, Balkan welaýatynyň häkimliginde bolsa agşam sagat 9-da geçirilipdir.

“Düýn Lebapda we Balkanda ene-atalar häkimlige çagyrylyp, olardan Gazagystanda bilim alýan ogul-gyzlaryna protestlere goşulmazlygy tabşyrmak talap edildi” diýip, habarçy aýtdy.

Öz gezeginde, ene-atalar bolsa, pursatdan peýdalanyp, daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ýüzbe-ýüz bolýan maddy kynçylyklary bilen bagly meseleleri gün tertibine getirmek mümkinçiligine eýe boldular.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda daşary ýurt döwletlerine, şol sanda daşary ýurt okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen studentlerine, pul geçirilmegini berk çäklendirdi.

Habarçymyza görä, resmiler, gaýtam, ýygnaklarda şeýle meseleleri gozgan ene-atalaryň üstüne azgaryldy.

“Siz, ene-atalar, çagalaryňyza şeýle terbiýe bereniňiz üçin, biziň ‘talyplarymyz’ [Gazagystanda] ‘terrorçy’ tagmasy bilen tagmalanýar” diýip, habarçymyz ýygnakda çykyş eden häkimiýet wekiliniň sözlerini sitirleýär.

2-nji ýanwarda Gazagystanda energiýa bahalarynyň kesgin ýokarlanmagy esasynda başlanan parahat protestler soňy bilen zorluga ýazdy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew köpçülikleýin protestleriň arasynda 5-nji ýanwarda hökümeti işden boşatdy we hökümete garşy müňlerçe demonstrant polisiýa bilen çaknyşyp, hökümet binalaryna hüjüm edip başlanyndan soň tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Tolgunyşyklaryň arasynda gazak prezidenti protestçileri ‘terrorçy’ hökmünde tagmalap, ýurtda ‘asudalygy üpjün etmek’ üçin Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan ýardam sorady.

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň düzümine Russiýa, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly öňki sowet ýurtlary girýär.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri Gazagystanda bolup geçýän tolgunyşyklar barada habar bermeýär.

Ýöne ýurduň Daşary işler ministrligi 6-njy ýanwarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat çap edip, Türkmenistanyň Gazagystanda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigini aýtdy.

Şeýle-de, türkmen DIM-i Gazagystanda ýüze çykan ähli meseleleriň “konstitusion-hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda” çözüljekdigine ynam bildirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Gazagystanda bilim alýan türkmen studentleriniň ene-atalary bilen Lebap we Balkan welaýatlarynda geçirilen duşuşyklaryň gije sagat 1-e çenli dowam edendigini habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurt döwletlerinde, şol sanda Gazagystanda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň sany barada anyk sanlary hödürlemeýär.

Ýöne Gazagystanyň inform.kz neşiri geçen ýylyň martynda Gazagystanda jemi 3,500 türkmenistanly studentiň ýokary bilim alýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG