Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz aýallaryny sarsgyna salan ýyl: olar öz hukuklary ugrundaky göreşi dowam etdirýärler


Aýallar zorluga garşy protest çäresini geçirýärler. Bişkek, 2021-nji ýylyň 8-nji apreli.
Aýallar zorluga garşy protest çäresini geçirýärler. Bişkek, 2021-nji ýylyň 8-nji apreli.

Geçen 2021-nji ýylda Gyrgyzystanda çagalara we aýallara garşy zorlukly wakalar az bolmady, şonuň bilen baglanyşykly ynsan hukuklarynyň bozulmagy meselesi birnäçe gezek gozgaldy. Ýüze çykýan hadysalar halky gozgalaňa saldy hem dürli nägilelikleri döretdi.

«Zorluga duçar bolýan ýaşlar, yzy üzülmeýän sütem»

Ýylyň ahyrynda 9 ýaşly Sumaýa Hosilžanowa Suzak sebitinde ýitirim boldy. On günden soň onuň jesedi derýanyň kenaryndan tapyldy. Birnäçe hepde geçensoň, 48 ýaşly bir raýat adam öldürmekde güman edilip, tussag astyna alyndy. Kazyýet ony sud-psihiatrik barlagdan geçirmek üçin, Taş-Kumyrda ýerleşýän Respublikan psihiatrik keselhanasyna iberdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Aziza Abdirasulowa kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy zorlugyň artmagy meselesinde, polisiýa we kazyýet ulgamyny tankytlaýar:

Aziza Abdirasulowa
Aziza Abdirasulowa

− Konstitusiýa laýyklykda polisiýanyň jenaýat edenlikde güman edilýän ýa-da günäkärlenýän raýaty tussag etmek baradaky maglumatlary açmagy kanuna garşy. Ol adamyň jenaýatda güman edilip, sorag edilendigini habar bermek bilen halky gozgalaňa saldylar. Belki, Sumaýanyň ölüminde ýeke däl-de, birnäçe adam günäli bolmagy mümkin. Ikinjiden, medisina barlagy onuň psihiki syrkaw ýa-da däldigini hökman görkezmeli. Medisina kesgitlemesi alnandan soň, dogry derňew çäreleri geçirilmelidir. Polisiýanyň hereketleri dogry bolsa gerek. Ýöne soňky döwürde çagalara garşy edilen zorluk jemgyýeti aşa biynjalyk etdi. Şonuň üçin hukuk goraýjy edaralara we kazyýetlere ynam azalýar. Şeýle ýagdaýlardan soň ene-atalar çagalaryny nädip goramalydygy hakda oýlanýarlar – diýip, ol aýdýar.

5-nji dekabrda Çuý welaýatynyň Sokuluk etrabynyň Ysmaýyl obasynyň ýaşaýjysy 16 ýaşly gyzy zorlamakda güman edilip saklandy. Pida bolanyň kakasy arza bilen polisiýa ýüz tutdy. Derňewiň deslapky maglumatlaryna görä, "şübheli adam gyza Bişkekde işlemek üçin alyp gitmegi wada beripdir we ýolda güýç ulanyp, urup-ýenjipdir hem zorlapdyr". Bu waka ýerli ýaşaýjylaryň gahar-gazabyna sebäp boldy, şonuň bilen baglylykda, 7-nji dekabrda obanyň aksakal ýaşululary gyz zorlanlykda güman edilýän maşgalanyň obadan göçürilmelidigi barada karar çykarypdyrlar.

Şunuň bilen baglylykda, aklawçylar ýaşulularyň bu kararynyň kanunyň höküm sürýän döwletinde kesgitlenen proseduralara laýyk gelmeýändigini, beýle kararyň raýatlaryň hukuk goraýjy edaralara bolan ynamyny ýitirýändigini aýtdylar.

Güman edilýän adam iki aýlyk deslapky tussaga höküm edildi we oňa garşy Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 154-nji maddasy boýunça (“zorlamak”) aýyplama bildirildi.

Bu wakadan soň zorluga sezewar edilen gyzlar köplenç uly ahlak basyşyna sezewar bolýarlar, şol sanda olaryň ýakynlary-da kömek üçin, kime ýüz tutjaklaryny bilmeýärler.

“Ak Žurok” krizis merkeziniň müdiri Darika Asylbekowa zorluk wakalarynyň sanynyň artmagyny kanunlaryň işlemeýändigi bilen düşündirýär:

Darika Asilbekowa
Darika Asilbekowa

− Kanuny bolmalysy ýaly ulanyp, şeýle gynandyryjy ýagdaýlar barada derňew geçirilmeýär, ýagdaý subut edilmeýär. Bizde kanunlar bar, ýöne olar işlemeýär. Jenaýat subut edilen ýagdaýynda-da, faktlar gizlenip, kazyýetde birtaraplaýyn kararyň kabul edilmegi gynandyrýar. Bularyň barysyna men işlemeýän kanunlar sebäpli diýerdim. Kanun işleýän ýagdaýynda, beýle ýagdaý bolmazdy – diýip, krizis merkeziniň müdiri aýdýar.

Soňky ýyllarda Gyrgyzystanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara garşy jyns zorlugy ýa-da azar bermek faktlary köp ýaşyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Gyrgyzystandaky Ösüş Maksatnamasynyň geçiren barlagyna görä, 2020-nji ýylda "Zorlamak" maddasy boýunça 269 kazyýet işi hasaba alyndy, olaryň 200-si ýatyryldy we diňe 17 iş kazyýet derňewine gatnaşdy. “On alty ýaşa ýetmediklere garşy jynsy gatnaşyklar” maddasy boýunça 54 waka hasaba alyndy.

Ýetginjeklere garşy zorlukdan başga-da, soňky iki ýylda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda öz janyna kast etmek wakalary ýygy-ýygydan hasaba alyndy. Orta hasap bilen her ýylda 18 ýaşa ýetmedik 100 töweregi ýigit we gyz öz janyna kast etmek kararyna gelýär. 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy dünýäni gurşap alanda, mart we aprel aýlarynda ýurtda karantin girizildi. Şol döwürde onlarça ýetginjek öz janyna kast etdi. 2021-nji ýylda hem şeýle hadysalaryň birnäçesi hasaba alyndy.

Dekabr aýynyň ortalarynda, 16 ýaşly bir gyz Karaköl şäherindäki beýik binalaryň biriniň üçeginden, özüni aşak oklady. Onuň beýle etmeginiň sebäbi entek belli däl.

«Aýzadanyň ölümi, milisiýanyň jogapkärçiligi...»

Mundan başga-da, Gyrgyzystanda gyzlary alyp gaçmak meselesi henizem derwaýys. 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde şeýle jenaýatyň pidasy bolan Aýzada Kanatbekowanyň ölümi halk köpçüligini sarsdyrdy. Bu wakadan soň hukuk goraýjy guramalara garşy berk tankyt bildirilip başlandy. Bişkekde we Oşda protest geçirildi. Sosial ulgamlarda aýal-gyzlar özleri hakda – nädip we haçan kemsidilendigi barada gürrüň berip, kampaniýa başladylar.

27 ýaşly Aýzada Kanatbekowa Bişkekde köçede barýarka, näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçyldy. Iki günden soň gyzyň jesedi we ony alyp gaçanyň ulagy paýtagtyň golaýyndaky Araşan we Çokmorow obalarynyň golaýyndaky meýdandan tapyldy. Şondan soň ol gyzyň zorlanandygy we öldürilendigi, ony edeniň bolsa özüni öldürendigi belli boldy.

Bişkek şäheriniň Perwomaýskiý etrap kazyýeti bu ogurlykda bäş gatnaşyjyny günäkär tapdy, olardan üçüsi ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi, ikisi 6,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Mundan başga-da, iş kesilenlere pida çekeniň tarapyna 100 müň som möçberinde kompensasiýa tölemek tabşyryldy.

Içeri işler ministrligi içerki derňew işlerini geçirdi, şondan soň paýtagtyň polisiýasynyň başlygy, umumylykda 12 ofiser işden boşadyldy, 40 töweregi ofiser käýinç aldy. Baş prokuratura polisiýa işgärlerini jogapkärçilige çekmek meselesiniň aýratyn gözegçilik astyna alnandygyny aýtdy.

Ýöne Aýzada Kanatbekowanyň ejesiniň aklawçysy Nurbek Toktakunowyň sözüne görä, "Geleňsizlik" maddasy boýunça jenaýat işi gozgalmaýar we hiç kim jogapkärçilige-de çekilmeýär:

− Prokuraturanyň kazyýet işiniň aýratyn gözegçilik astynda saklanýandygy baradaky beýanaty ýalan. Geleňsizlik edilendigini hemmeler bilýär, ol ýerde wezipeli adamlar hem belli. Muny göz öňünde tutup, her biriniň günäkärlik derejesini kesgitlemek we karar bermek ýeterlikdi. Ýöne olar muny indi näçe wagtlap derňeýärler? Olar diňe wagt utýarlar, prokuratura hem ýalan sözleýär – diýip, ol aýdýar.

Aýzada Kanatbekowanyň kazyýet işi alty aýa golaý dowam etdi. Indi iş kesilenleriň garyndaşlary höküme närazylygyny bildirip, olaryň günäsini geçmek barada ýokary guramalara ýüz tutýarlar.

Kanun goraýjy edaralaryň resmi maglumatyna görä, 2020-nji ýylda Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 172-nji maddasyna ("Nika maksady bilen adamy alyp gaçmak") 210 jenaýat işi gozgaldy, ýöne olaryň diňe 5% -i kazyýete bardy.

Ölüme sebäp bolýan zorluk

Aýzada Kanatbekowadan başga-da, 2021-nji ýylda ýene birnäçe aýal zorlugyň pidasy boldy. Şeýlelikde, 14-nji dekabrda Sokulukda bir adam 41 ýaşly aýaly öldürmekde güman edilip saklandy. Deslapky maglumatlara görä, serhoş halda aýaly bilen dawa edip, ony ölýänçä urupdyr.

Statistika maglumatlara görä, 2020-nji ýylda Gyrgyzystanda maşgala zorlugy sebäpli 21 aýal öldi, şeýlelikde, soňky 6 ýylda öldürilen aýallaryň sany 100-den geçdi. Şol bir wagtyň özünde, takmynan şol mukdardaky aýal adamsyny ýa-da zorluk görkezen başga bir adamy öldürmekde günäli bilnip, azatlykdan mahrum edildi. Aýallar türmesindäki tussaglaryň 25% töweregi "Adam öldürmek" maddasy bilen iş kesilenler.

Aklawçy Nazir Abdumuminowa aýallaryň köp halatda öz janyny goramak üçin, jenaýat edýändigini aýdýar:

− Köp ýagdaýda aýallar kazyýetiň hökümi bilen razylaşýarlar we eden işlerine toba edýärler, sebäbi özleri zorlugyň pidasy boldular we köp kynçylyga sezewar boldular. Şonuň üçin olaryň köpüsi biriniň janyny almak maksady bilen däl-de, eýsem zorlukdan we kemsidilmekden goranmak üçin, adam öldürýärler. Çykgynsyzlyk ýagdaýynda olar ýa öz janyna kast edýärler, ýa-da janyna we saglygyna howp abanan halatynda adam öldürmäge mejbur bolýarlar – diýip, aklaçy düşündirýär.

2021-nji ýylda Gyrgyzystanda birnäçe aýal öz janyna kast etdi. Garyndaşlarynyň bu ädimiň sebäbiniň maşgaladaky zorlukdygyny aýdýandyklaryna garamazdan, şeýle hadysalaryň köpüsi ‘öz janyna kast etmek’ hökmünde hasaba alyndy. 23-nji aprelde Kunsuluu Eşbotoýewa Jalal-Abad sebitinde öz öýüniň howlusynda asylgy tapyldy. Adamsynyň garyndaşlary, şeýle hem onuň özi bäş çaganyň ejesiniň özüni öldürendigini öňe sürdüler. Muňa garamazdan, merhumyň garyndaşlary muňa şübhelenip, hukuk goraýjy edaralara ýüz tutdular. Merhumyň ejesi gyzynyň maşgala zorlugynyň pidasydygyny aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylda 8405 maşgala zorlugy hasaba alyndy, bu bolsa 2020-nji ýyldakydan 30% köp. Şeýle işleriň 90% -i kazyýete baryp bilmeýär we dürli sebäplere görä ýapylýar.

Aýallara ýetmeýän orun

Däp bolşy ýaly, parlamentdäki zenan deputatlar aýal-gyzlaryň we çagalaryň hukuklarynyň bozulmagy meselesini has köp gozgaýarlar. Şeýle-de bolsa, dolandyryjy edaralarda aýal-gyzlaryň sany azalýar. Bu ýagdaý hem 2021-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň birine öwrüldi.

15-nji dekabrda Merkezi saýlaw komissiýasy deputatlyk orunlaryň paýlanyşynda, jyns kwotasynyň 30% berjaý edilmegi baradaky düzgüni üýtgetdi. Täze düzgünlere görä, üç mandat alan partiýalarda bir deputat aýal bolmaly, ýedi mandaty bolanda, aýallar üç orny alyp bilýärler. Bu üýtgeşmeleriň diňe “Alýans” partiýasyna täsir edendigi ýüze çykdy. Bu syýasy guramanyň ýedi kandidatynyň biri hökmünde, Žanarbek Akaýew mejlise geçdi. Ýöne ol deputatlyk ornuny Toktobubu Orgalça geçirmek kararyna gelindi.

28-nji dekabrda Gyrgyzystan Respublikasynyň Ýokary Kazyýeti “Alýans” partiýasynyň Merkezi saýlaw komissiýasyna garşy eden arzasyna garady we soňky gelnen karary kanunsyz diýip yglan etdi. Başgaça aýdylanda, kazyýet jyns kwotasynyň berjaý edilmegi baradaky öňki düzgüni goldady.

Mejlisdäki aýal-gyzlaryň sany boýunça Gyrgyzystan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda soňky orunda durýar. Garyşyk sistema laýyklykda geçirilen saýlawlaryň netijelerine görä, 90 deputatyň arasynda aýallar 21% düzýär. Özbegistanda bu görkeziji 32%, Gazagystanda – 27,1%, Täjigistanda – 25,8%, Türkmenistanda – 25%. Bir mandatly saýlaw okruglarynda aýallardan asla ýeňiji bolmadygyny aýtmak gerek.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG