Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebabyň häkimiýetleri oba ýaşaýjylarynyň jaýlaryny ýykyp, olaryň ýerinde täze ekin meýdanlaryny "döredýär"


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri käbir çetki obalaryň ýaşaýjylaryny öýlerinden çykaryp, olaryň jaýlaryny ýykýar. Häkimiýetler bu obalaryň kiçidigini we ýurduň “Oba milli maksatnamasyna” girmeýändigini belläp, olaryň çäk dolandyryş sanawyndan çykarylýandygyny aýdýar. Öýsüz galýan oba ýaşaýjylaryna öwezine başga ýaşar ýaly jaý ýa-da ýer berilmeýär. Oba ilatynyň ýykylan jaýlarynyň ýerinde täze ekin meýdanlary döredilýär. Bu barada öýlerinden çykarylýan ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu obalar türkmen-özbek serhediniň golaýynda ýerleşip, olaryň arasynda Farap, Dänew we Darganata etraplarynyň ençeme obasy bar.

"Biz öý kitapçamyz bolmasa-da, ýüzlerçe ýyl bäri ata-baba şu ýerde ýaşap gelýäris. Biziň jaýlarymyz, öýlerimize çekilen gaz we tok hiç bir obanyňkydan kem däl. Biz häkimiýetlere gyş aýlarynda jaýlarymyzdan çykyp, başga ýere göçmek üçin ne öýümiziň, ne-de pulumyzyň bardygyny aýtdyk. Emma olar bizi diňlemeýärler. Gaýtam olar bize obada mal-gara saklamaly ekeniňiz. Siziň obaňyz kiçi bolup, 50 hojalyk üçin gaz, tok berip bilmeýäris. Özüňiz mellek ýa öý satyn alyň" diýdiler" diýip, efirde adynyň aýdylmazlygyny soran oba ýaşaýjysy 7-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Oba ilatynyň sözüne görä, häkimiýetler öýden çykmak barada duýduryş bereninden soň, ýaşaýjylaryň elektrik energiýasyny we gazyny kesýär. Olar bu çäreleriň "raýatlary medeni pasýoloklara göçürmek maksady bilen amala aşyrylýandygyny" aýdýar.

Şeýle-de, olar bu obalaryň ýurduň “Oba milli maksatnamasyna” girmeýändigini belläp, olaryň çäk dolandyryş sanawyndan çykarylýandygyny hem aýdýar.

Jaýlaryndan çykarylýan oba ýaşaýjylaryna öwezine başga ýaşar ýaly jaý ýa-da ýer berilmeýär. Oba ýaşaýjylary özlerine degişli etraplardaky ýer kadastr edaralaryna ýüzlenendiklerini, ýöne oňyn netije alyp bilmändiklerini hem aýtdylar.

""Mellek ýer bermek üçin bölünip berlen ýer ýok, bu meselede size kömek edip bilmeýäris" diýip, oba ýaşaýjysy ýerli kadastr edarasynyň bir işgäriniň sözlerini sitirledi.

Şol bir wagtda, habarçymyz öýlerinden çykarylan käbir oba ýaşaýjylarynyň jaýlarynyň eýýäm ýykylandygyny we olaryň ýerinde täze ekin meýdanlarynyň döredilendigini habar berýär.

"Resmiler jaýlaryndan çykarylan adamlaryň öýlerini ýykyp, adamlary öýsüz goýup, obalary ýer bilen ýegsan edip, bu ýerlerde pagta we bugdaý ekmek üçin täze ekin meýdanlaryny döredýärler" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Azatlyk Farap, Dänew we Darganata etraplarynyň häkimlikleri bilen habarlaşyp, ýerli ilatyň berýän maglumatlary barada haýsydyr bir kommentariýa alyp bilmedi.

Bu ýykyşlygyň anyk näçe adamyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýändigini hem anyklap bolmady. Ýöne Azatlyk Türkmenistanda türkmen-özbek serhedine ýakyn etraplarda jaýlaryň ýykylandygy barada öň hem habar beripdi.

2016-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň "Maslahat" daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Altymyrat aga, öz jaýynyň we başga-da 200-e golaý hojalyk jaýynyň 2011-nji ýylda, serhet çyzygyna golaý diýen bahana bilen ýumrulandygyny gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda täze ýaşaýyş jaýlarynyň we täze döwrebap obalaryň gurulýandygyny, bularyň "ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýandygyny" wagtal-wagtal habar berýär. Ýöne habarçylarymyz we ýerli synçylar bu jaýlaryň bahalarynyň köp adamyň maddy mümkinçiliginden has ýokarydygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG