Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler


Halk Maslahatynyň mejlisi. Arhiw suraty

Fewralyň başynda Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilip, geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegi maksatnamasy tassyklanylar, geçen ýylyň jemleri jemlener we şu ýyldaky wezipeler kesgitlener diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berýär.

Bu teklibi bäşinji gün geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbangly Berdimuhamedow etdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, türkmenistanlylara “demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek hem-de kämilleşdirmek başartdy”.

"Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. ...indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Nobatdan daşary geçirmek bilen bagly gurmaçylyk işleri wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa, Milli geňeşiň mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa we Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewe tabşyryldy.

Döwlet baştutany sanly ulgam arkaly geçirilen mejlise gatnaşýan hökümet agzalaryna ýüzlenip, olaryň ählisiniň Halk Maslahatynyň bu mejlisine gowy taýýarlyk görmegini tabşyrdy.

Halkara hukuk guramalary Türkmenistany adam hukuklaryny we azatlyklaryny yzygiderli bozmakda, adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde tankyt edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG