Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Ukrainadaky krizisiň döremeginde Kremli ýazgardy, ýöne diplomatik çözgüt 'mümkin' diýdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken prezident Jo Baýden bilen
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken prezident Jo Baýden bilen

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken Orsýetiň Ukraina çozmagynyň öňüni almak üçin diplomatik çözgüdiň “henizem mümkindigini” aýtdy, emma bu başa barmasa, Günbataryň “berk gaýtawul bermäge” taýýardygyny duýdurdy.

Blinken 7-nji ýanwarda Waşingtonda, ýaranlar we rus resmileri bilen umuman Ýewropanyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça guraljak duşuşygyň öňüsyrasynda, Döwlet departamentinde eden çykyşynda Ukrainanyň serhedindäki krizisi öjükdirmekde aýyplap, Kremli ýazgardy.

Blinken Günbataryň “diplomatiýa ygrarly” gepleşiklere girýändigini, emma NATO-nyň açyk gapy syýasaty we Ukrainanyň bileleşige goşulmak hukugy ýaly esasy ýörelgelerden ýüz öwürmejekdigini aýtdy.

Russiýa ABŞ-a we NATO-a howpsuzlyk kepillendirmeleri baradaky talaplaryndan ybarat sanawyny, şol sanda bileleşigiň gündogar tarapa giňelmegini bes etmegi baradaky talabyny hödürlemezden öň Ukraina bilen araçäginiň alkymynda we Krymda 100,000 töweregi esger toplady.

Birleşen Ştatlar serhet ýakasynda goşun toplamagyň Ukrainanyň üstüne ýene bir çozuşyň başlangyjy bolup biljekdigini aýtdy, Kreml bu aýdylýanlary ret etdi.

Blinken Russiýanyň geljek hepde geçiriljek üç tapgyr gepleşikleri NATO baradaky çekişmä öwürmäge synanyşýandygyny, emma Ukrainanyň "gün tertibindäki meseläniň merkezi boljakdygyny, ... sebäbi hut şunuň krizisi tizleşdirendigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG