Gazagystanyň öňki prezidentiniň metbugat wekili Aýdos Ukibaý Twitterde Nursoltan Nazarbaýewiň Gazagystany terk etmändigini we häzirki wagtda paýtagtdadygyny aýtdy.
Ukibaý Nazarbaýewiň "geňeş-maslahat ýygnaklaryny geçirýändigini we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen göni aragatnaşyk saklaýandygyny" hem sözüne goşdy.
“Elbasy Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde ýerleşýär. Bilkastdan ýalan we spekulýatiw maglumatlary ýaýratmazlygyňyzy soraýarys. Elbasy geňeş maslahatlaryny geçirýär we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen göni aragatnaşyk saklaýar” diýip, Ukibaý ýazdy.
Şeýle-de, metbugat wekili Nursoltan Nazarbaýewiň "Gazagystan bilen dostlukly gatnaşyk saklaýan döwlet baştutanlary bilen birnäçe gezek telefonda gürleşendigini” aýtdy.
"Elbasy häzirki kynçylyklary ýeňip geçmek we ýurdumyzyň bitewiligini üpjün etmek üçin hemmeleri Gazagystanyň prezidentiniň töwereginde jebisleşmäge çagyrýar" diýip, Aidos Ukibay öz twitter hasabynda çap eden habarynda belledi.
Biraz öň Nursoltan Nazarbaýewiň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesinden boşadylandygy we onuň ygtyýarlyklarynyň häzirki prezident Kasym-Žomart Tokaýewe geçendigi habar berildi. Ol bu wezipä ömürlik bellenipdi.
Mundan başga, demonstrasiýa wagtynda öňki prezidentiň nirede bolandygy barada hiç bir maglumat berilmedi.
Azatlyk ozal Gyrgyzystanyň 24.kg habar gullugyna salgylanyp, Nazarbaýew maşgalasyna degişli “Bombardier Global Express” uçarynyň Bişkegiň Manas howa menziline gonandygyny habar berdi.
Howa menziliniň wekilhanasynda aýdylmagyna görä, "Belki-de ekipaža dynç almak ýa-da ýangyç guýmak gerek bolandyr. Şeýle ýagdaýlarda ýolagçylaryň hiç biri uçardan çykyp bilmeýär, ýük düşürilmeýär".