Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmede oturan eýranly şahyr Baktaş Abtin COVID-19 ýokuşmasyndan soň aradan çykdy


Baktaş Abtin
Baktaş Abtin

Türmede oturan eýranly şahyr we kinoçy Baktaş Abtin Tähranda bir hassahanada aradan çykdy diýip, Eýranyň Ýazyjylar birleşigi habar berdi.

8-nji ýanwardaky ölüm habary 48 ýaşly Abtin golaýda, agyr COVID-19 näsaglygy sebäpli medisina koma ýerleşdirilenden soň yglan edildi.

Abtin ýürek keselinden ejir çekýärdi we COVID-19 bilen näsaglandan soň, maşgalasy ony 14-nji dekabrda Tähranyň Ewin türmesinden paýtagt keselhanasyna geçirtmegi başardy.

Tanymal ýazyjy we söz azatlygy ugrunda göreşiji bolan Abtin Eýranyň Ýazyjylar birleşigi bilen eden hyzmatdaşlygy we syýasy kast etmeleriň pidalarynyň mazarlaryna zyýarat etmegi sebäpli alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Ol Eýranyň Ýazyjylar birleşiginiň dolandyryş geňeşiniň iki agzasy, Reza Kandan Mahabadi we Keýwan Bajan bilen bilelikde, 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri tussaglykda otyrdy.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän açyk pikir alyşma topary, PEN Amerika oktýabr aýynda bu üç ýazyja bilelikde 2021 PEN/Barbey ýazmak azatlygy baýragyny berdi.

Abtiniň koronawirus pandemiýasy wagtynda tussag edilmegi hukuk goraýjy guramalar tarapyndan berk tankyt edildi.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasy 8-nji ýanwardaky twitinde Abtiniň degişli lukmançylyk kömeginden mahrum edilendigini we onuň "ölüminde režimiň ýokary häkimiýetlerini günäkärleýändigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG