Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Tähranda gaz gepleşiklerini geçirer


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar diýip, TDH habar berýär.

Bu baradaky buýruga 7-nji ýanwarda, hökümet mejlisiniň dowamynda gol çekildi.

Görnüşinden, 8-9-njy ýanwarda geçiriljek gepleşiklerde esasan iki ýurduň arasynda kesilen gaz söwdasyny dikeltmek barada maslahatlaşyljaga meňzeýär.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hassan Montazer Torbati golaýda, MEHR habar gullugynyň maglumatyna görä, Tähranyň türkmen gazynyň importyny dikeltmek isleýändigini aýtdy.

Eýran mediasy iýun aýynda “Türkmengaz” bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasyndaky arbitraž seljermesiniň tamamlanandygyny aýtdy, emma hiç tarap kararyň doly mazmunyny aýan etmedi.

Türkmenistan, goňşy ýurt bilen aradaky gaz tölegleri üstünde turan dawa esasynda, 2017-nji ýylyň ýanwarynda Eýrana gaz ibermegi bes etdi. 2018-nji ýylda taraplar bir-biriniň üstünden Halkara arbitraž kazyýetine şikaýat etdi.

XS
SM
MD
LG