Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebap: edara-kärhanalar prezidentiň täze portretini satyn almaly edilýär


Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze portretini satyn almaga mejbur edilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň synp otaglarynda prezidentiň täze portretlerini asmak işlerine eýýäm badalga berlendigini habar berýär.

Prezidentiň 2022-nji ýyl üçin edara-kärhanalarda asylmaly portreti 2021-nji ýylyň portretlerinden onuň suratdaky penjeginiň reňki boýunça tapawutlanýar.

Täze portretlerde prezidentiň kostýumy goýy gök reňkde bolup, habarçymyz geçen ýylyň portretlerinde onuň penjeginiň reňkiniň goýy gara reňkde bolandygyny habar berýär.

Eger portret çarçuwa bilen bilelikde doly çalşyrylsa, onda onuň 100 manat töweregi bahasy bar. Eger portretlerdäki çarçuwany çalyşmazdan, diňe ondaky surat çalşyrylsa, onda onuň üçin býujet işgärleri 50-60 manat töwereklerinde çykdajy etmeli bolýarlar.

Portret talaplary üçin edilýän harajatlaryň möçberini mümkingadar azaltmak isleýän býujet işgärleri iki esse az harajat etmek üçin geçen ýylyň çarçuwasyna täze suraty ýerleşdirip bilýärler.

Ýöne portretiň bahasy onuň ululygyna görä üýtgeýär.

Lebap sebitinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri prezident portretleriniň özleri üçin artykmaç, goşmaça çykdajy bolýandygyny aýdýarlar.

“Täze suraty diwardan asmak indi däbe öwrüldi. Bu çäre mugallymlara we kärhanalaryň işgärlerine goşmaça çykdajy bolmagynda galýar” diýip, bir lebaply býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Galyberse-de, býujet işgärleri täze portret bilen köne portretiň arasyndaky ara tapawudyň onçakly göze ilmeýändigini aýdýarlar.

“Täze suratda prezidentiň kostýumy goýy gök reňkde. Bolany. 2021-nji ýyldaky suratda onuň kostýumy goýy gara reňklidi. Indi goýy gök kostýum geýip surata düşüpdir” diýip, býujet işgäri aýtdy.

Prezidentiň portretlerini çalyşmak işleri umumy bilim berýän orta mekdepler bilen bir hatarda tas ähli edara-kärhanalarda uçdantutma häsiýetde alnyp barylýar, ýolbaşçylar we olaryň orunbasarlary hem öz otaglaryndaky prezident portretlerini çalyşmaly edilýärler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, prezidentiň portretlerini çalyşmak işlerini tamamlamak üçin orta mekdeplere 15-nji ýanwara çenli möhlet berlipdir.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy sebitiň çäginde ýerleşýän iri edaralaryň girelgelerindäki prezident portretleriniň çalşyrylmagynyň hem talap edilýändigini habar berdi.

Ol ýerli kanselýariýa dükanlarynda 100-150 manat uly suratlaryň satuwa çykarylandygyny habar berdi.

Türkmenistanda häkimiýetler yzygiderli diýen ýaly býujet işgärlerinden pul toplamak işlerini ýaýbaňlandyrýarlar. Köplenç her ýylyň başlarynda edara-kärhanalardaky prezident portretleri çalşyrylmaly edilýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy 16-njy dekabrda sebitiň mekdepleriniň, keselhanalarynyň, saglyk öýleriniň, şol sanda oba saglyk öýleriniň prezidentiň täze goşgusy ýazylan plakatlary hem-de prezidentiň täze portretlerini satyn almaly edilendiklerini habar berdi. Bu talaby ýerine ýetirmek üçin her bir býujet işgärinden 40 manatdan pul toplandy.

Şol wagt hem Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýerli býujet işgärleri bu talaplaryň özleri üçin artykmaç çykdajy bolýandygyny aýdyp, şikaýat beýan etdiler.

Galyberse-de, bu plakatlary we portretleri çap etmek üçin sebitiň administratiw merkeziniň çaphanasy şol günleriň dowamynda gije-gündiz iş tertibine geçdi.

Görnüşinden, häkimiýetleriň edara-kärhanalardaky plakat we portret talaplary çaphanalar üçin we degişli önümçilik kärhanalary üçin hem goşmaça iş we goşmaça girdeji bolýar.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri edara-kärhanalarda yzygiderli çalşyrylýan portretler barada, galyberse-de, bu talabyň býujet işgärleri üçin döredýän goşmaça kynçylyklary barada habar bermeýär. Ýöne döwlet telewideniýesiniň ýurduň edara-kärhanalaryny görkezýän kadrlarynda tas elmydama diýen ýaly prezidentiň portretlerini görmek bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG