Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň ilaty prezidentiň täze kitabyny satyn almaga, ýat tutmaga mejbur edilýär


Türkmenistanyň prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan täze kitabyny hödürledi. Aşgabat, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny ilat arasynda ýaýratmak we wasp etmek boýunça nobatdaky kampaniýa başlandy. Häkimiýetler prezidentiň garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda çap eden kitabyny býujet işgärleriniň we studentleriň satyn almagy ugrunda iş geçirýärler.

Prezidentiň "Garaşsyzlyk - bagtymyz" atly kitabyny şu günler Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleri, şeýle hem studentler satyn almaga mejbur edilýär.

Mundan başga-da, aýry-aýry sebitleriň ýolbaşçylary, prezidentiň döredijiligini mahabatlandyrmak maksady bilen, ilaty höweslendirmek üçin käbir çäreleri görýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, esasanam Lebap welaýatynda, medeni işgärlere döwlet baştutanynyň täze kitabyny wasp edýän aýdym-saz eserlerini döretmek tabşyryldy. Ýeňijilere döwlet garaşsyzlygynyň indiki ýyl dönüminde sylagyň gowşuryljakdygy wada berildi.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň ýokary okuw jaýynda studentlere prezidentiň täze kitabyny ýat tutmak maslahat berilýär. Seýdi adyndaky döwlet uniwersitetiniň studentlerini prezidentiň kitabyny ýat tutmaga höweslendirmek üçin 100 manat pul baýragynyň beriljegi aýdyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Garaşsyzlyk-bagtymyz" atly kitabyny ýazandygyny 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisinde habar beripdi.

Döwlet habar beriş serişdeleri bu kitabyň üç dilde - türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanandygyny öňe sürdüler.

Bu Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl neşir eden ikinji kitabydyr. Şu ýylyň maý aýynda neşir edilen "Ak şäherim Aşgabat" atly kitaby ýurduň paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt başyndaky 15 ýylyň dowamynda 60-dan gowrak kitap neşir etdi. Kitaplar dürli temalara bagyşlanýar we yzygiderli neşir edilýär. Däp bolşy ýaly, kitaplaryň neşir edilmegi köpçülikleýin baýramçylyklara we çärelere gabat gelýär.

Geçen ýyl Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistan - Bitaraplyk Watany" atly kitabyny çap edendigini halka habar berdi. 2015-nji ýylda onuň "Bitarap Türkmenistan" kitaby neşir edildi, şeýle-de birnäçe dile terjime edilen "Türkmenleriň ruhy dünýäsi" atly kitaby köpçülige hödürlendi.

Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda çap edilen kitaplar atçylyk, itçilik, türkmen däpleri, haly, çaý we derman ösümlikleri ýaly zatlara bagyşlanýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow eserleriniň çap edilmeginden alan galam haklaryny sadaka üçin geçirýändigini birnäçe gezek aýdypdy. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri döwlet baştutanynyň kitaplaryny satyn aldyrmak üçin ilata edilýän basyşlar we pul tabşyrmak mejburlygy barada agzamaýarlar.

Prezidentiň kitaplaryndan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretleri hem Türkmenistanda yzygiderli ilata mejburlyk bilen satyn aldyrylýar. Ýylda birnäçe gezek Berdimuhamedowyň suratlary döwlet edaralarynda işgärleriň we okuwçylaryň hasabyna täzelenýär.

Türkmenistanda azyk krizisiniň we koronawirusyň ýaýramagynyň arasynda, ýurduň käbir sebitlerinde prezidentiň portretleri ilata azyk satyn alnanda “ýük” hökmünde satyldy.

15 ýyl bäri ýurda we hökümete ýolbaşçylyk edip gelýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň bardygyny, azyk krizisini, ilatyň basyşyny we ilatyň ýagdaýyny agyrlaşdyrýan beýleki meseleleri öz kitaplarında we çykyşlarynda agzaman gelýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG