Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tokaýew KHŞG güýçleriniň ýurtdan çekilýändigini mälim etdi, täze hökümet başlygyny wezipä belledi


Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew rus ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlarynyň öňümizdäki iki günüň içinde ýurtdan çekilip başlajakdygyny mälim etdi.

11-nji ýanwarda Tokaýew özüniň telewideniýe arkaly efire berlen parlament ýüzlenmesinde Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşun çekmek işleriniň öňümizdäki 10 günüň içinde tamamlanjakdygyny aýtdy.

Gazagystanda dörän zorlukly tolgunyşygyň arasynda ýurduň ýolbaşçylary Russiýanyň öňbaşçylygyndaky harby guramadan ýardam sorandan soňra, KHŞG-nyň harby kontingenti bu Merkezi Aziýa ýurduna geçen hepde geldi.

Şeýle-de, Tokaýew kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda özüniň Alihan Smailowy ýurduň täze premýer-ministri wezipesine hödürleýändigini mälim etdi.

49 ýaşly Smailow Tokaýewiň geçen hepde ýurtda ozal görlüp-eşidilmedik protestleriň arasynda wezipeden boşadan hökümetinde premýer-ministriň birinji orunbasary bolup işleýärdi. Protestleriň soňy zorluk bilen utgaşyp, onuň dowamynda azyndan 163 adam heläk boldy.

Tokaýew tolgunyşyklar boýunça “döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň” çägindäki “terrorçy agressiýany” aýyplady. Ol bu krizisiň üsti bilen gaza we nebite baý Merkezi Aziýa ýurdunda öz häkimiýetini berkitmegi başardy.

Şeýle-de, 11-nji ýanwarda Içeri işler ministrligi howpsuzlyk güýçleriniň heläkçilige getiren tolgunyşyklar bilen baglylykda 9,900 adamy tussag edendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG