Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladiwostok şäher häkimligi Solženitsyn ýadygärligini ýykmakdan ýüz öwürdi


Aleksandr Solženitsiniň Wladiwostokdaky heýkeli
Aleksandr Solženitsiniň Wladiwostokdaky heýkeli

Wladiwostok şäher häkimligi, sökülip aýrylmagynyň maksada laýyk däldigini aýdyp, ýazyjy Aleksandr Solženitsiniň Korabelnaýa kenaryndaky ýadygärligini ýykmakdan ýüz öwürdi.

“Interfaks” bu habary şäher häkimliginiň wekiline salgylanyp çap etdi.

Wladiwostok şäher dumasynyň deputaty Maksim Şinkarenko, jemgyýetçilik pikirini nazara alman dikilendigini aýdyp, 2021-nji ýylda häkimlikden bu ýadygärligi aýyrmagy talap etdi.

Şäher häkimliginiň wekilleri ýadygärligi sökmegiň maksda laýyk däldigini, sebäbi sosial ulgamlardan görnüşine görä, onuň syýahatçylaryň we şäher ýaşaýjylarynyň arasynda meşhurdygyny aýtdylar.

Resmiler ýadygärligiň "ýokary estetiki gymmatlyga" eýedigini bellediler.

"Görnüşe görä, ol dikilen ýeri bilen berk baglanyşykly: hereket alamatyny bermek üçin granit heýkeliň bir bölegi aýna bilen çalşyrylan” diýip, häkimligiň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG