NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda Ukrainanyň gündogarynda dörän krizisi çözmäge bagyşlanan howpsuzlyk gepleşikleri başlandy, ýöne bu meselede uly bir ilerlemäniň bolmagyna bil baglanmaýar.
NATO-nyň 30 agzasynyň we Russiýanyň wekilleri 12-nji ýanwarda, ukrain serhedinde dörän dartgynlygy köşeşdirmek maksady bilen, NATO-Russiýa Geňeşiniň mejlisini geçirýärler.
Bu duşuşyk ýokary derejeli diplomatiýa hepdesinde, ABŞ bilen Russiýanyň 10-njy ýanwarda Ženewada bolan netijesiz gepleşikleriniň yz ýanyndan geçirilýär.
Geňeşiň soňky iki ýylda geçirilýän ilkinji ýygnagyna gelen moskwaly wekillere Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko we Goranmak ministriniň orunbasary Aleksandr Fomin ýolbaşçylyk edýär.
Gruşko bu duşuşygy Russiýa-NATO gatnaşyklaryndaky "hakykat pursaty" diýip häsiýetlendirdi. NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna, baş amerikan araçysy bolup, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman hem gatnaşýar.
Ýygnanyşygyň gün tertibi Kremliň Ukrainanyň golaýynda esassyz goşun toplamagy we Russiýanyň Ukraina garşy täze hüjüm etmäge taýynlyk görýän bolmagynyň ähtimallygy baradaky aladalardan başlanýar.
Moskwa Ukraina bilen serhediň golaýynda we Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasynda 100,000 töweregi esger toplady, Amerikanyň Birleşen Ştatlary munuň çozuşa taýýarlyk bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.