Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew maşgalasy bidüzgünçilikler we gan döküşlik barada ilkinji gezek pikirini aýtdy


Aliýa Nazarbaýewa
Aliýa Nazarbaýewa

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň körpe gyzy sosial ulgamlarda ýazgy çap edip, ýurtda dörän köpçülikleýin nägilelikler we dürli şäherlerde köçelere çykan adamlaryň arasynda gan dökülmegine getiren wakalaryň sebäbi barada ilkinji gezek pikirini aýtdy.

Aliýa Nazarbaýewa bolup geçen zatlary pajygaly wakalar diýip atlandyrdy we wepat bolan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi. Ýurduň häkimiýetleri häzire çenli ölenleriň hatda takmynan sanyny hem yglan etmedi.

“Goý, bu gazaply sapak biziň tarymyzda hemmämiz üçin iň soňky sapak bolsun. Adamlaryň parahatçylyk döwründe heläk bolmagy dogry däl"diýip, Nazarbaýewa ýazdy.

Şeýle-de ol adamlardan alýan goldaw sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi, kakasyna häzirki wagtda berilýän ahlak goldawy üçin sag bolsun aýdtdy. Onuň sözlerine görä, öňki prezident şu günler ýurduň dürli sebitleriniň ýaşaýjylaryndan köp habar alýar.

Nursultan Nazarbaýewiň özi 2021-nji ýylyň 28-nji dekabryndan bäri köpçülikde görünmeýär. Adatça ýurtdaky wajyp meseleler boýunça halka ýüzlenýän hem bolsa, ol ýurtda bolup geçen giň gerimli protestler barada hiç zat aýtmady.

Öňki prezidentiň metbugat sekretary Nursultan Nazarbaýewiň Gazagystany terk etmändigini we häzirki wagtda paýtagtda bolýandygyny öňe sürdi.

Onuň sözlerine görä, Nazarbaýew "birnäçe geňeş maslahatyny geçirýär we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen göni aragatnaşyk saklaýar".

XS
SM
MD
LG