Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti IIM-niň başlygynyň orunbasaryny täzeledi


Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin maslahatyny geçirip, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Sebäbi düşündirilmän işden aýrylan resmi bu wezipä geçen ýylyň awgustynda bellenipdi.

Eger-de prezidentiň IIM-niň düzediş edaralarynda goýberilýän ýalňyşlyklar, ykdysady jenaýatlara garşy göreşmekde goýberilen kemçilikler, polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işinden goýberilen kemçilikler barada eden umumy belliginden çen tutulsa, bu ýerde gürrüň türmelerde we beýleki pudaklarda giň ýaýran bikanun işler barada barýar.

IIM-niň başlygynyň alty aýdanam az işlän orunbasarynyň ýerine ozal Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri bolup işlän maýor Wepaly Ataýew orunbasar bellenildi.

Şeýle-de prezident polisiýanyň maýory Merdan Muhammetmyradowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine belledi.

Adatça, türkmen prezidenti soňy onýyllyklarda ýygy-ýygydan çalşyrylýan kadrlary işinde düýpli kemçilik goýbermekde, wezipe-borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmezlikde, ynanylan pudaga gözegçiligi gowşatmakda aýyplap, soňky duýduryşlaryny bereninden soň wezipesinden boşadýar.

Wezipesinden boşadylan öňki resmileriň soňky ykballary köplenç belli bolmaýar we olaryň käbiriniň işini ýitiren badyna, ýa-da birnäçe aýdan soň türmä basylýandygy hakynda resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlar bar.

XS
SM
MD
LG