Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda pagtaçy kärendeçileriň ýyllyk girdejilerinden hyzmatlar üçin 11%-e derek 25% tutum tutulýar


Illýustrasiýa suraty. Harmana pagta daşaýan ýük ulagy.
Illýustrasiýa suraty. Harmana pagta daşaýan ýük ulagy.

Lebap welaýatynda häkimiýetler pagtaçy kärendeçileriň geçen ýyl döwlete tabşyran pagta hasyly üçin hasaplaşyk işlerine başlady. Ýöne ýerli kärendeçiler özleriniň ýyllyk girdejilerinden “hyzmatlar” üçin 11 göterime derek 25 göterim tutum tutulýandygyny aýdýarlar. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 12-nji ýanwarda habar berdi.

Kärendeçiler bilen hasaplaşyk işlerine ýanwar aýynda badalga berildi. Welaýatyň Dostluk, Halaç, Hojambaz we Köýtendag etrabynyň kärendeçileri öz şertnamalarynda hyzmatlar üçin tutumlaryň möçberiniň 11 göterim hökmünde görkezilendigini aýdýarlar. Tutumlar dökün, tehnika, ýangyç, çalgy ýaglary we kärdeşler arkalaşyklary üçin tölegleri öz içine alýar.

Türkmenistanda daýhanlar şertnama esasynda döwletden kärendesine alan ekin meýdanlarynda esasan pagta ýa-da bugdaý ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasylyny döwletiň kesgitlän bahasyndan döwlet harmanyna tabşyrmaga borçlanýarlar. Öz gezeginde, döwlet ekerançylyk döwründe daýhanlary ýeňillikli dökün, tehnika we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmäge borçlanýar.

Ýöne lebaply daýhanlar döwlet edaralarynyň ylalaşykda öz üstüne alan şertlerine ygrarly galmaýandygyny we hyzmatlar üçin özleriniň şertnamada görkezilen töleglerden iki esseden gowrak köp pul tölemeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Kärendeçileriň ýyllyk girdejileri olaryň bank hasaplaryna geçirilýär.

Neşiriň habaryna görä, Hojambaz etrabynyň “Mekan” daýhan birleşiginiň kärendeçileri tutumlar boýunça daýhan birleşigiň ýolbaşçylaryna öz şikaýatlaryny beýan edipdirler. Ýöne ýolbaşçylar tutumlar bilen bagly tabşyrygyň “ýokardan” berlendigini we bu mesele boýunça arz-şikaýaty bolan kärendeçilere etrap hem-de welaýat häkimliklerine ýüz tutmagy maslahat beripdirler. Bu maslahatdan soň, kärendeçiler ýokarlanan tutumlar bilen bagly kararyň ýerli häkimiýetler derejesinde däl-de, döwlet derejesinde kabul edilendigine ynanýar.

Neşir kärendeçileriň Kärdeşler arkalaşyklarynyň gaznasyna her gektar üçin 30 manat möçberinde töleg töleýändiklerini, ýöne bu guramanyň kärendeçileriň hukuklaryny goramak üçin hereket etmeýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy Kärdeşler arkalaşyklaryny “öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak üçin kärhanalarda, edaralarda, guramalarda we okuw mekdeplerinde özleriniň kärleri boýunça umumy bähbitleri bolan raýatlaryň meýletin birikmesi” hökmünde kesgitleýär.

Ýöne mundan ozal, Azatlyk Radiosy bilen telefonda gürrüňdeş bolan 55 ýaşly aşgabatly bir işgär “kärdeşler guramasynyň işgäri diýlende esasan işgärlerden ol ýa-da beýleki çäre üçin pul ýygnaýan adamlar göz öňüne gelýär, ýöne olaryň döredýän kynçylyklary diňe maşgala agzalarynyň, hususan-da çagalaryň we garrylaryň agzyndan kesilip alynýan pullar bilen hem gutarmaýar” diýip, gürrüň berdi.

Galyberse-de, gowaçanyň heniz ekiş möwsümi dowam edýän günleri aprel aýynyň başlarynda Azatlyk Radiosy döwlet tarapyndan kärendeçilere ýeňillikli bahadan üpjün edilýän mineral döküniň bahasynyň garaşylmadyk ýagdaýda öňküsinden alty-sekiz esse töweregi ýokarlanandygyny habar berdi.

Geçen ýyl Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümine resmi taýdan martyň ahyrky hepdesinde badalga berildi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan kärendeçiler mineral dökünler üçin tutuljak pullaryň pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyna gabat gelmeýändigini, pagta öndürmekligiň öz-özüni ödemeýändigini gürrüň berdiler.

Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy hiline we möwsümine görä 1355 – 2000 manat aralygynda üýtgeýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşirine görä, Hojambazyň “Mekan” daýhan birleşiginden iki gektar ekin meýdanyny kärendesine alan bir maşgala soňky hasyl möwsüminden 11 müň manat möçberinde girdeji kabul edipdir. Ýöne olar 25 göterime derek, 11 göterimlik tutum tutulan bolanda, özleriniň iki gektarlyk gowaça meýdanyndan döwlete tabşyran pagta hasyly üçin 15 müň 500 manat möçberinde girdeji almaga hukuklarynyň bolandygyny aýdýarlar.

15 müň 500 manat Türkmenistanda dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 4,428 dollar, walýutanyň gara bazar nyrhy boýunça 670 dollar töwereklerinde bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG