Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde tozanly ýel turdy


2021-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Lebabyň bir obasynda turan güýçli tozanly şemal.
2021-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Lebabyň bir obasynda turan güýçli tozanly şemal.

Şenbe güni günüň ikinji ýarymynda Mary sebitinde tozanly ýel turdy. Takmynan öýlän sagat 3 bilen agşam sagat 8 aralygynda dowam eden şemal howanyň düzüminde tozan emele getirdi. Köçeleri çaň basdy. Ýerli ýaşaýjylar howanyň düzüminde emele gelen tozanyň ýekşenbe güni gündiz sagat 11-lere çenli saklanyp galandygyny aýdýarlar. Anomal howa hadysasy barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy ýanwarda sebitden habar berdi.

Habarçymyz tozanyň reňkiniň adatdakysyndan üýtgeşik, gyzyl-sary reňkde bolandygyny habar berýär.

“Gyzyl-sary reňkde çäge ýagdy diýsek, ýalňyşmarys” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, soňky döwürlerde howanyň düzüminde emele gelýän şeýle tozan birnäçe günläp saklanyp galýar.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 15-nji ýanwarda Mary welaýatynyň Owganystan bilen araçäkleşýän Serhetabat etrabynda hasaba alnan tozanly şemalyň tizliginiň sekuntda 21 metre ýetendigini habar berýär. Neşir sebitde soňky sapar şeýle güýçli tozanyň 2014-nji ýylyň 13-nji martynda hasaba alnandygyny belleýär.

Garaşsyz turkmen.news neşiri ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, sebitde turan tozanly şemalyň yz ýany, asmanyň reňkiniň ilkibaşda çalarandygyny, soňra gyzarandygyny habar berýär.

“Meteožurnal” neşiri tozan zerarly adamlaryň görüş ukybynyň 50 metre çenli pese gaçandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar howanyň düzüminde emele gelen tozanyň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.

“Adamlaryň saglygyna gaty zyýan ýetirýär. Maskalary goşalap daksaň-da, burnuňa tozanly, ýakymsyz ys gelýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy. Hususan-da, dem gysma keseli bolan adamlar tozanly howada dem almagyň kynlaşýandygyny aýdýarlar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli lukmanlar mundan ozalky tozanly howada hassahana düşüp, kislorod kabul eden adamlaryň hem bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, lukmanlar tozanly howa sebäpli dem alyş ýollarynda näsaglyk ýüze çykýan adamlaryň sanynyň artýandygyny aýdýarlar.

Mundan ozal, 21-nji dekabrda Mary we Balkan, 1-2-nji dekabrda Mary we Lebap welaýatlarynda tozanly ýel turdy. 4-nji noýabr güni agşam Türkmenistanyň demirgazyk-gündogar goňşusy Özbegistanyň hem dürli sebitlerinde güýçli tozan turdy. Azatlygyň habarçysy bu howa hadysasynyň Türkmenistanyň Lebap sebitine-de täsir edendigini habar berdi. Özbegistanyň Meteorologiýa gullugy şeýle güýçli tozanyň ýurtda soňky 150 ýylda ilkinji gezek hasaba alnandygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçysy ýerli hünärmenlere salgylanyp, anomal howa hadysasyna gurakçylygyň we atmosferanyň üýtgemeginiň sebäp bolýandygyny habar berýär.

“Atmosferanyň aşaky gatlaklaryna göterilen köp mukdardaky tozan Türkmenistanyň günorta-gündogar we gündogar sebitlerinde tozanyň döremegine sebäp boldy” diýip, “Meteožurnal” neşiri ýazýar.

Şeýle-de, neşir uzaga çeken gurakçylyk, galyberse-de sowuk howanyň aralaşmagy bilen işjeňleşen atmosfera hadysalary sebäpli soňky üç aýda sebitde hasaba alynýan tozanly tupan hadysalarynyň ýygjamlaşandygyny habar berýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar tozan turan güni howanyň düzüminde hloryň ysyna meňzeş ýakymsyz ysyň hem bolandygyny aýdýarlar. Şeýle ýagdaýlar, ýerli ýaşaýjylara görä, hususan-da Baýramaly we Ýolöten etraplarynda ýüze çykypdyr.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde emele gelen anomal howa hadysasy barada habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG