Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň topary "Putiniň köşgi" diýilýäniň içerki suratlaryny çap etdi


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň topary öz geçiren iň meşhur derňewiniň birinji ýyl dönümine gabat Gelenjigiň golaýyndaky köşgüň içinde düşürilen suratlaryň uly toplumyny çap etdi. Olar bu köşgüň rus prezidenti Wladimir Putine berlen sowgatdygyny öňe sürýärler.

“YouTube” kanalynda 100 milliondan gowrak adamyň tomaşa eden derňew-filminde Putiniňki diýilýän binanyň içki görnüşleri 3D-wizual şekilinde görkezilipdi. Bu ýagdaý kommentatorlaryň käbiriniň köşgüň içiniň hakykatdanam derňewçileriň suratlandyryşy ýaly bolup biljegine şübhelenmegine sebäp boldy.

“Şu gün biz ähli i-leriň üstüne nokat goýarys, köşk barmy ýa-da ýok diýen meseledäki ähli şühäni ýok ederis. Ol içinden nähili görünýär, daşyndan nähili görünýär. Ol ýerde näme bar we nämeler boldy? Biz size hakyky suratlaryň ýüzlerçesini görkezeris” diýip, Nawalnynyň toparynyň täze neşirinde aýdylýar.

Binanyň içinde düşürilen suratlaryň köpüsi öň görkezilen çaklama şekillere meňzeýär. Derňewçileriň bellemeginde görä, olaryň arasynda käbir jikme-jiklik tapawutlary bar, hakykatda meýilnamalara garanyňda has köp gyzyl çaýylan zatlar, beýleki bezegler, şol zanda rus gerbleriniň şekilleri hem bar.

Bulardan başga, sütünli otagyň, derňewçileriň pikiriçe, "hususy strip-klubyň" suratlary hem çap edildi.

Suratlaryň derňewçilere “gurluşyk meýdançasyndan iberilendigi” tassyklanýar. Şol bir wagtda, olaryň näderejede hakykylygy anyklaşdyrylmaýar. Görnüşinden, bu ýerde öňki ýyllarda düşürilen suratlar barada gürrüň edilýär, sebäbi Nawalnynyň filmi geçen ýylyň ýanwar aýynda tomaşaçylara ýetirilende, "köşgüň" içi sökülip, uly bejeriş işleri alnyp barylýardy.

XS
SM
MD
LG