Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harytlara "Halkyň Arkadagly zamanasy" şygary ýelmemedik telekeçiler köpçülikde ýazgarylýar​​​​​​​


Türkmenistanda "Halkyň Arkadagly zamanasy" şygary ýerleşdirilen nyşanlaryň biri.
Türkmenistanda "Halkyň Arkadagly zamanasy" şygary ýerleşdirilen nyşanlaryň biri.

Türkmenistanda 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylandan soň, Lebap welaýatynyň häkimiýetleri bu şygaryň propagandasyny ýaýbaňlandyrýar. Şu günler Lebabyň salgyt we polisiýa edaralarynyň resmileri hususy eýeçilikdäki dükanlara we marketlere reýd geçirýärler. Olar telekeçilerden ýerli azyk harytlarynyň daşyna "Halkyň Arkadagly zamanasy" atly şygar ýazylan ýörite nyşanlary ýelmemegi talap edýärler.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, salgyt we polisiýa işgärleri nyşanlar ýelmenmedik azyk harytlaryny hususy eýeçilikdäki dükan tekjelerinden aýyrýarlar.

"4x3 sm ululygyndaky nyşanlaryň ýüzünde "Halkyň Arkadagly zamanasy" diýlen ýazgy we dag üstünde atly duran telpekli adamyň suraty bar. Reýd geçiren resmiler bu nyşanlar ýelmenmedik azyk harytlarynyň hemmesini tekjelerden aýyrtdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply telekeçi 25-nji ýanwarda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz şeýle reýdleriň 24-nji ýanwarda welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherindäki "Söhbet", "Owadan", "Merw" we "Döwrebap" ýaly marketlere gurnalandygyny aýtdy. Şeýle reýdler 24-nji ýanwarda Farap etrabyndaky "Jeýhun", "Jennet", "Doganlar" we "Ykbal" marketlerine hem gurnaldy.

Habarçymyz Farapda geçirilen bu reýdlerden soňra, harytlaryň daşyna nyşanlary ýelmemedik telekeçiler bilen ýörite ýygnaklaryň geçirilendigini we olaryň adamlaryň köpçüliginiň öňünde ýazgarylandygyny hem aýtdy.

"24-nji ýanwarda sagat 20:00-da etrap häkimliginiň zalynda geçirilen ýygnakda nyşan ýelmemedik adamlar barada prezidente hyýanat edýän raýatlar ýaly gürrüň edildi. Şeýle-de, resmiler telekeçilere soňky gezek duýduryş berip, olara söwda rugsatnamalaryny ýatyrmak barada haýbat atdylar" diýip, lebaply telekeçi aýtdy.

Türkmenistanda 2022-nji ýyl Mejlisiň karary bilen, ýagny türkmen kanunçykaryjylary tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi. Soňky ençeme ýyl bäri Türkmenistanda her ýyl belli-belli şygarlar bilen garşy alynýar. Ýurtda 2019-njy ýyl “Türkmenistan – rowaçlygyň watany” ýyly, 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly, 2021-nji ýyl “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” yglan edilipdi. Şondan soňra ýurtda tutuş ýylyň dowamynda degişli şygaryň töwereginde wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlandyrylypdy.

Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan telekeçiler özlerinden edilýän talaplarda bir tarapdan täze şygaryň propagandasy edilýän bolsa, beýleki tarapdan käbir döwlet emeldarlarynyň bähbit gözleýändigini aýdýarlar.

"Resmiler bizi bu nyşanlaryň her birini 1 manatdan satyn almaga mejbur edýärler. Biz bu nyşany her bir harydyň ýüzüne ýelmäp çykmaly. Göräýmäge 1 manat uly pul däl ýaly, ýöne her gün her dükanda müňlerçe çüýşe süýt, gatyk ýa-da süýji we köke önümleri satylýar. Bu, tutuş welaýat boýunça alanymyzda, her hepde-de millionlarça nyşan, ýagny millionlarça manat diýmegi aňladýar. Käbir emeldarlar bu nyşanlar esasynda öz jübülerini doldurmagy maksat edinýärler" diýip, telekeçi belledi.

Şeýle-de, ol bu ýagdaýyň ilatyň jübüsine hem täsir ýetirýändigini, sebäbi nyşanlar zerarly, telekeçileriň her bir harydyň bahasyny 1 manat gymmatladandygyny hem sözüne goşdy.

"Mysal üçin, 15 manatdan satylýan gatygyň bahasy 16 manada gymmatlady" diýip, telekeçi sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýatynyň salgyt we polisiýa edaralaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda üstümizdäki ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylandan soňra, ýurduň köçelerindäki köne şygarlar aýryldy. Olara derek täze şygar ýerleşdirilen plakatlar asyldy. Şeýle-de, häkimiýetler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy wagyz etmek işlerini öňküsinden hem güýçlendirdiler.

Synçylar täze şygara Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň nobatdaky gezek dabaralandyrylmagy hökmünde baha berýärler.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň "Halkyň Arkadagly zamanasy" yglan edilmegi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň has-da ýitileşen, subsidirlenen azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň ýatyrylan, bazarlarda azyk gymmatçylygynyň barha güýçlenýän we munuň bilen bagly ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşýan mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG