Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Arkadagly zamanada' Gurbanguly Berdimuhamedowyň propagandasy ýaýbaňlanýar


Arhiw suraty. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülik çäresinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretini göterip barýan adamlar. 27-nji oktýabr, 2009 ý. Aşgabat. Türkmenistan.
Arhiw suraty. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülik çäresinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretini göterip barýan adamlar. 27-nji oktýabr, 2009 ý. Aşgabat. Türkmenistan.

Türkmenistanda 2022-nji ýyl Mejlisiň karary bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyryldy. Munuň yz ýany, şu günler Lebap sebitinde ýerli häkimiýetler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy wagyz etmek işlerini öňküsinden hem güýçlendirýärler.

Azatlygyň habarçysyna görä, ýerli häkimiýetler býujet işgärleri bilen ýygnak geçirip, duşuşyklarda Berdimuhamedowy wagyz edýärler. Wagyz-nesihat işleriniň dowamynda býujet işgärlerinden öz öýlerinde prezidentiň portretini asmak talap edilýär. Häkimiýetler portretleriň asylmaly ýerleri barada hem tabşyryk berýärler. Olaryň talabyna görä, prezident portretleri öýleriň iň hormatlanýan ýerinde, törde asylmaly.

Azatlygyň habarçysy şeýle duşuşyklaryň 17-nji ýanwarda Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky institutynda, Farap etrabynyň medeniýet öýlerinde, Çärjew etrabynyň mekdeplerinde geçirilendigini habar berýär. Şeýle ýygnaklar 18-nji ýanwarda Seýdi şäherinde, Darganata we Dänew etraplarynda hem geçirilipdir. Ýygnaklary ýerli häkimiýetler, hususan-da Lebap welaýatynyň häkimligi, bilim bölümleri we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri geçirýär. Galyberse-de, Azatlygyň habarçysy ýygnakda çykyş edýän resmileriň arasynda Aşgabatdan iberilen Bilim ministrliginiň bir wekiliniň hem bardygyny habar berýär.

Wagyz-nesihat duşuşyklaryna esasan mekdepleriň, keselhanalaryň, zawod-fabrikleriň we nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärleri çekilýär.

Ýurduň gündogar sebitlerinde prezident Berdimuhamedowyň wagzynyň ýaýbaňlanmagy, 2022-nji ýylyň türkmen kanun çykaryjylary tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” yglan edilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär. Türkmenistanda her ýyly belli-belli şygarlar bilen garşy almak däp boldy. Ýurtda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň arasynda 2019-njy ýyl “Türkmenistan – rowaçlygyň watany” ýyly, 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly, 2021-nji ýyl “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” yglan edilipdi. Ýurtda her ýyly belli bir şygar astynda geçirmeklik barada karar kabul edilenden soňra tutuş ýylyň dowamynda şol şygaryň töwereginde wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlanýar.

Täze ýylyň bosagasynda habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan medeniýet wekilleri baýramçylyk konsertlerinde “Halkyň Arkadagly ýylynyň” şanyna köp bolup aýdym aýtmagyň talap edilýändigini we bu aýdymyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine umyt baglanýandygyny gürrüň berdiler.

Synçylar Türkmenistanda ýylyň şygarynyň “Arkadagly zamana” yglan edilmegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň nobatdaky gezek dabaralandyrylmagy hökmünde baha berýärler.

Şu günler Lebapda geçirilýän duşuşyklar diňe bir wagyz-nesihat işleri we prezidentiň portretleriniň öýlere asylmagy bilen bagly talaplary öz içine almaýar, eýsem, Azatlygyň habarçysyna görä, býujet işgärleri “Arkadagly zamanada” Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan şygyrlardan azyndan 10 goşgyny ýat tutmaly edilýär. Şeýle-de, býujet işgärlerinden prezidentiň kitaplarynyň atlaryny bilmek hem talap edilýär. Ýerli häkimiýetler bu talaplaryň “raýatlaryň watan öňündäki borjudygyny” aýdýarlar.

Ýerli synçylar Türkmenistanda “watan” düşünjesiniň häkimiýetler tarapyndan ýoýulýandygyny aýdýarlar. 2019-njy ýylda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda merhum ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurtda “watan” düşünjesiniň ähmiýetiniň ownadylmagyna alada bildirdi.

Watan düşünjesini beýle ownatmaly däl. Watan beýikligine durmaly. Watanyň beýikligine durmagy üçin hem döwleti edara edýän adamlar watanyň hossardygyny, watanyň öz perzentlerine mydama arka durýandygyny il-günüň aňyna ýetirmeli diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan kitaplar hem belli bir döwür güýçli wagyz edildi, hatda okuw meýilnamalaryna girizildi. Ýöne bu kitaplaryň halk arasyndaky hakyky meşhurlygy elmydama sorag astynda galdy.

Nyýazowyň ölüminden soňra onuň ýazandygy aýdylýan kitaplaryň hajathanalardan tapylan halatlary hem boldy.

“Berdimuhamedowyň gazetlerdäki we žurnallardaky fotosuratlaryny ýerden azyndan bir metr ýokarda, şkaf tekjelerinde goýmak mukaddes borç ekeni. Arkadagyň şanyna we ýakynlaryna erbet, negatiw pikir beýan eden raýatlara garşy durmak tabşyrylýar” diýip, ýygnaga gatnaşan bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, resmiler raýatlaryň garaşsyz çeşmelerden habar almaklaryny “agyr günä” atlandyrýarlar.

Býujet işgärleri şeýle duşuşyklary geçirmek baradaky kararlaryň merkezden kabul edilýändigini aýdýarlar. Bir býujet işgäri wagyz-nesihat işlerini geçirmek baradaky başlangyçlaryň hut prezidentiň özünden gözbaş alýandygyna ynanýandygy aýdýar:

“Sebäbi adamlaryň arasynda prezidentiň reýtingi soňky dört ýylda has pese gaçdy” diýip, býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosy býujet işgäriniň bu sözlerini prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň edarasyna tassykladyp bilmedi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri duşuşyklaryň dowamynda adamlaryň hiç hili sorag bermäge ýa-da pikir-garaýyş beýan etmäge hukugynyň ýokdugyny aýdýarlar.

“Türkmenistanda býujet işgärleri hatda edara ýolbaşçysyna-da sorag berip, pikir beýan edip bilmeýär. Bu gadagan, diňe “bolýar başlyk” diýen sözi aýtmaga rugsat bar” diýip, habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG