Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Petikli saýtlara girýän talyplar MHM bilen hyzmatdaşlyga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň mobil telefonlaryny barlady. Häkimiýetler ýurtda petikli saklanýan saýtlara, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtyna we sosial platformalara giren talyplara okuwdan çykaryljakdygy barada haýbat atyp, olary Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur edýär. Bu ýagdaýlar barada institutyň ençeme talyby Azatlyk Radiosynyň türkmen paýtagtyndaky habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu barlaglar institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we MHM-niň işgärleri tarapyndan 21-nji ýanwarda geçirildi. Olar duýdansyz auditoriýalara girip, talyplaryň mobil telefonlaryny ýygnap aldylar.

"Talybyň häkimiýetler tarapyndan gadagan edilen websaýtlara, hususan-da, Azatlyk Radiosyna girendigi anyklansa, onda oňa okuwdan çykaryljakdygy barada haýbat atylýar ýa-da resmiler ony MHM bilen hyzmatdaşlyga mejbur edýär. Häzir olara goşulanlar bar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly talyp 26-njy ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol MHM bilen hyzmatdaşlyk edýän talyplaryň synpdaşlarynyň pikir we garaýyşlaryny, şeýle-de okuwdan boş wagty näme bilen meşgullanýandygyny öwrenýändigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky setirlerde ýerleşdirilýär we türkmen režimi Interneti berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Ýurtda garaşsyz habar gulluklarynyň saýtlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty we iri sosial platformalar hem-de messenjerler ýyllarboýy petikli saklanýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan talyplaryň ençemesi ýaşlaryň arasynda döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinden başga, garaşsyz maglumatlary almak isleýänleriň, olary okamaga hem-de tomaşa etmäge gyzyklanma bildirýänleriň köpdügini aýdýar.

"Bu tendensiýa Türkmenistanyň häkimiýetlerini diýseň aladalandyrýar. Şol sebäpli talyplaryň ädýän her bir ädimi bilim ulgamyna ornaşdyrylan agentler tarapyndan dolandyrylyp, gözegçilik edilýär. Olar talyplaryň we mugallymlaryň arasynda bolýan her bir şübheli söhbetdeşligi degişli gulaklara, adamlara ýetirýärler" diýip, aşgabatly talyp aýtdy.

Şeýle-de, ol institutyň bilim işgärleriniň, guramaçylarynyň we usulyýetçileriniň arasynda-da MHM bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň bardygyny hem sözüne goşdy.

"Ýörite gulluklaryň wekilleri institutyň mugallymlaryna hem basyş edip, olary özleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur edýärler. Olar bu hyzmatdaşlyk üçin mugallymlaryň talyplardan pul alýandygyna göz ýumýarlar" diýip, talyp sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 16:30-a çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi. Bu barada MHM-den hem kommentariýa alyp bolmady.

Soňky hepdelerde türkmen häkimiýetleri garaşsyz maglumatlary okamak isleýänlere gözegçiligi güýçlendirip, Internetiň tizligini haýallatdy, VPN ulanýanlara we ony gurnap berýän ussalara basyşlaryny artdyrdy.

Türkmen häkimiýetleriniň bu çäreleri, Gazagystanda bolan köpçülikleýin protestleriň fonunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet baştutany bu tabşyrygyny 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde mälim edip, ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden sebit döwletlerinde bolup geçýän harby, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň yzygiderli öwrenilmegini hem-de olaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsirleriniň seljerilmegini talap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG