Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda Internet we "Altyn Asyr" mobil aragatnaşyk ulgamy çäklendirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Soňky günlerde Mary welaýatynda "Altyn Asyr" mobil aragatnaşyk ulgamy we Internet kadaly işlemeýär. Raýatlar birek-biregi bilen gürleşmek üçin ençeme gezek jaň etmeli bolýarlar. VPN ulgamlary petiklenýär. "Türkmentelekom" aragatnaşyk kompaniýasynyň welaýatdaky edarasynyň işgärleri munuň sebäplerini "häzir häkimiýetleriň bir zatlardan gorkýandygy" bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlary we olaryň Marydaky dogan-garyndaşlary habar berýärler.

"Edilýän telefon jaňlary we iberilýän SMS-ler wagtynda ýa-da düýbünden barmaýar. Çetki obalarda mobil telefonlardaky antenna belgisi düýbünden çykmaýar. Adamlar birek-biregi bilen habarlaşmak üçin beýik ýerlere, jaýlaryň üçeklerine çykmaly bolýarlar. Oba ýaşaýjylary şähere gelip, mobil telefonlarynyň sähel işleýän ýerlerinde daşary ýurtlardaky hossarlary bilen habarlaşýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy 13-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Internetiň tizliginiň peselmegi zerarly IMO messenjeri şäher ýerlerinde hem kadaly işlemeýär. Iberilen suratlar we ýazgylar doly açylmaýar.

"12-nji ýanwarda irdenden agşama çenli welaýatyň tas ähli künjeginde WiFi işlemedi diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi bu barada kimden sorasaň, "WiFi 5 minut işlese, 10 minut işlänok" diýýär" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, VPN ulgamlary hem berk petiklendi. Tölegli ýa-da tölegsiz VPN-ne birikýän hojalyklaryň WiFi ulgamlary 2-3 sagatlap kesilýär.

"2-3 sagat geçenden soň, ýene-de VPN ulgamyna birikjek bolanyňda, ilki birikmesi gaty kyn bolýar, soňra-da 2 minuda ýetmänkä WiFi ýene öçýär" diýip, ol belledi.

Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlarynyň Marydaky hossarlarynyň aýtmagyna görä, olar Internetiň tizliginiň peselmeginiň sebäpleri bilen gyzyklanyp, "Türkmentelekomyň" welaýatdaky edarasyna ýüzlendiler.

Bu edaranyň işgärleri Internetiň çäklendirilmeginiň sebäplerini "häzir häkimiýetleriň bir zatlardan gorkýandygy" bilen düşündirdiler.

"Şol sebäpden Interneti gysýarlar. VPN ulgamlaryndan peýdalansaňyz, dessine WiFi-ňyz öçürilýär" diýip, maryly ýaşaýjy "Türkmentelekomyň" bir işgäriniň anonimlik şertinde aýdan sözlerini sitirledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada kommentariýa almak üçin "Türkmentelekomyň" Internet hyzmatlary we hasaplaşyk geçirilýän bölüminiň müşderiler bölümi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Emma redaksiýamyzyň 13-nji ýanwarda sagat 14:00-17:00 aralygynda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Internetiň tizligi boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunlaryň birinde ýerleşdirilýän Türkmenistanda ilata berilýän Internetiň çäklendirilýändigi we mobil aragatnaşyk ulgamynyň kadaly işlemeýändigi barada Azatlygyň habarçylary ýylyň ilkinji günlerinden bäri habar berip gelýärler.

Internet we mobil aragatnaşyk ulgamlaryndaky bökdençlikler goňşy Gazagystandaky tolgunyşyklaryň fonunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyran mahalyna gabat geldi. Döwlet baştutany bu tabşyrygyny 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde mälim etdi.

Soňky 10 gün bäri häkimiýetler ilata gözegçiligi güýçlendirdi. Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan kanun goraýjylaryň birnäçesi "türkmen hökümetiniň halkyň aýaga galmagyndan alada edýändigini" aýtdy.

Geçen hepde habarçylarymyz Gazagystandaky wakalaryň Türkmenistanyň ilatynyň arasynda esasy gürrüň bolup durýandygyny, olaryň öz aralarynda gazagystanlylaryň öz hukuklaryny talap etmekde güýçlüdigi barada gürrüň edýändigini hem habar beripdiler.

Goňşy Gazagystandaky tolgunyşyklar Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşen mahalyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG