Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri VPN ulanýan raýatlara basyşlaryny güýçlendirmäge "taýýarlanýar"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri sebitde VPN ulgamlaryndan peýdalanýan raýatlara garşy çärelerini we basyşlaryny has-da güýçlendirmäge taýýarlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň welaýatdaky edarasyndaky çeşmesi habar berýär. Bu maglumat prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan çeşmämiziň maglumatlaryna görä, şu günler Lebabyň häkimiýetleri welaýatyň çäginde tölegli ýa tölegsiz VPN ulgamlaryndan peýdalanan raýatlaryň sanawyny düzýär.

"VPN ulanan raýatlaryň Internet ulgamy doly kesiler. Şeýle-de, olara garşy başga-da berk çäreler görmek barada maslahat edilýär. Bularyň arasynda VPN ulgamyndan peýdalanan raýaty işinden kowmak ýa gara sanawa goşmak, şeýle-de olaryň çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul etmezlik ýaly çäreler bar" diýip, çeşmämiz 19-njy ýanwarda beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligindäki “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýeke-täk Internet üpjünçisidir.

Çeşmämiz şu günler welaýatda raýatlaryň öýlerine, ýagny öý telefonlaryna Interneti birikdirmek işleriniň hem tas doly togtadylandygyny belleýär.

"Şu ýyla geçip, ýagny 2022-nji ýylyň başyndan bäri Lebapda ýekeje öý telefonyna hem Internet çekilmedi. Mart aýyna çenli hiç bir raýatyň öý telefonyna Internet geçirmezlik barada ýokardan ýörite tabşyryk berildi" diýlip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Şeýle-de, ol geçen ýylyň soňky üç aýynyň dowamynda welaýat boýunça diňe bäş sany hojalyga WiFi hyzmatynyň birikdirilip berilendigini we munuň edaranyň taryhynda raýatlaryň öýüne iň az WiFi çekilen üç aý bolandygyny hem aýtdy.

"Öňden Interneti bar bolup, emma üç aý töleg geçirip bilmedik raýatlaryň Internetleri kesilýär. Bu ýagdaýlar müşderiler bilen kompaniýanyň ýerlerdäki resmileriniň arasynda dawanyň döremegine getirdi" diýip, çeşmämiz belledi.

Ol şu ýylyň dowamynda WiFi hyzmatyndan peýdalanýan raýatlaryň 60%-niň Internetini doly kesmek barada maslahat edilýändigini hem sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada “Türkmentelekomyň" welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherindäki edarasynyň Internet hyzmatlary bölümi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 19-njy ýanwarda sagat 14:00-17:30 aralygynda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Bu maglumat goňşy Gazagystanda bolan protestleriň fonunda, prezident Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet baştutany bu tabşyrygyny 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde mälim edip, ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden sebit döwletlerinde bolup geçýän harby, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň yzygiderli öwrenilmegini we olaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsirleriniň seljerilmegini hem talap etdi.

Berdimuhamedowyň bu çykyşyndan soň, ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynda ilata berilýän Internetiň çäklendirilýändigi we mobil aragatnaşyk ulgamynyň kadaly işlemeýändigi barada hem maglumatlar gelip gowuşdy.

Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky setirlerde ýerleşdirilýär we türkmen režimi Interneti berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Ýurtda Facebook, Twitter, YouTube ýaly sosial platformalar, WhatsApp, Telegram, Viber ýaly messenjerler, şeýle-de, döwlet gözegçiligindäki saýtlardan daşary ençeme habar saýtlary petikli saklanýar. Bu saýtlardan peýdalanmaga isleg bildirýän raýatlar VPN ulanmaga mejbur bolýar.

Türkmenistanyň “Aragatnaşyk hakyndaky”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky” we “Maglumat we ony goramak hakyndaky” kanunlarynda VPN ulgamlaryndan peýdalanmak we onuň düzgünleri barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG