Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we Lebapda "Omikron" möwjeýär. Saglyk igärlerinden dilhaty alynýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäherinde we Lebap welaýatynda koronawirusyň "Omikron" görnüşi möwjeýär. Bu keselçilik esasan çagalaryň arasynda giňden ýaýraýar. Munuň bilen bagly, Lebabyň etrap keselhanalary we Aşgabadyň Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasy näsaglardan doldy we syrkawlary kabul etmegi bes etdi. Bu aralykda, Lebabyň häkimiýetleri saglyk işgärlerini "syrlary äşgär etmezlik" baradaky ýörite dilhata gol çekmäge mejbur edýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Lebapdan maglumat berýärler.

"Häzirki wagtda Aşgabatda esasan çagalar bu wirus bilen keselleýärler. Olaryň beden temperaturalary aşa ýokarlanyp, içgeçmä sezewar bolýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz anonim şertde söhbetdeş bolan bir saglyk işgäriniň sözlerini sitirledi.

Lebapdaky habarçymyz wirusyň bu welaýatda-da möwjeýändigini, hususan-da, Türkmenabat şäherinde we Saýat hem-de Farap etraplarynda ýiti respirator keselçiligi bilen keselleýän mekdep okuwçylarynyň sanynyň göz-görtele köpelendigini aýdýar.

"Häzir Saýat we Farap etraplaryndaky hassahanalaryň çagalar we ýokanç keselliler bölümlerinde ýer ýok. Lukmanlar diňe wiruslara garşy dermanlary ýazyp, näsag çagalary öýlerine ugradýarlar" diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli saglyk işgäri 26-njy ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, keselçiligiň ýitileşen görnüşinden ejir çekýän çagalar - intensiw bejergi üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilen - ýörite otaglara ýerleşdirilýär.

"Farabyň keselhanasynda bu enjamlar ýeterlik mukdarda bolmansoň, agyr syrkawlar ýörite ýollanma bilen, welaýat hassahanasyna iberilýär" diýip, saglyk işgäri belledi.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň ençemesi özleriniň mekdep okuwçylaryna koronawirus diagnozyny goýmak beýle-de dursun, hatda bu barada gürrüň etmäge-de gorkýandyklaryny aýdýar.

"Wirus bilen kesellän çagalaryň resminamalarynda olaryň gribe ýolugandyklaryny görkezýäris" diýip, saglyk işgäri belledi.

Lukmanlaryň sözlerine görä, bu gorka we bu hili saglyk netijesiniň görkezilmegine häkimiýetleriň saglyk işgärlerine edýän "soňky basyşlary" sebäp bolýar. Häzir häkimiýetler saglyk işgärlerini "syrlary äşgär etmezlik" baradaky ýörite dilhata gol çekmäge mejbur edýär.

"Bu çärelere 25-nji ýanwarda girişildi. Mundan öň bu hili dilhata diňe harbylar gol çekýärdiler. Bu çäre ýurtda koronawirusyň, hususan-da, onuň "Omikron" görnüşiniň ýaýraýandygy baradaky maglumatlaryň daşary ýurt habar serişdelerinde peýda bolmagynyň öňüni almak üçin edilýän tagallalaryň bir bölegidir. Indi lukmanlar bu barada " diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Azatlygyň Aşgabadyň we Lebabyň saglyk edaralaryna jaň edip, türkmen resmilerinden ýokanç keseliň ýaýramagy we oňa garşy alnyp barylýan göreş barada goşmaça maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan faraply we saýatly bilim işgärleri keselçiligiň artýandygy sebäpli mekdeplerde mart aýyna çenli dynç alyş yglan edilmeginiň ähtimaldygyny hem aýtdylar. Azatlyk bu barada Lebap welaýat we etrap bilim bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýär. Muňa garamazdan, 15-nji ýanwarda ýurtda ýene bir gulplama girizildi. Bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we güýmenje desgalary ýapyldy. Şeýle-de, ýurt içindäki uçuşlar çäklendirilip, ýollara gözegçilik güýçlendirildi. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda ilata sanjym etmek işleri güýçli depginde dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG