Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjeginde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çärelerini güýçlendirýän mahaly, paýtagt Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär. Şeýle-de, hassahanalaryň aglabasynda dürli ugurlar boýunça saglyk bejergisini alýan näsaglar öýlerine iberilýär. Bu ýagdaýlar barada paýtagtly saglyk işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

"Koronawirus bilen keselleýän näsaglar eýýäm hassahanalara ýerleşdirilýär. Wirus anyklananlaryň arasynda çagalar köp. Munuň bilen bagly, häzir paýtagtyň tas ähli keselhanasynda, şol sanda Ýokanç keseller hassahanasynda ýörite otaglar döredilip başlandy. Bularyň käbiri häzirki wagt "garaşýan režimde" bolsa-da, bu otaglary döretmek barada ýokardan resmi däl görkezme gelip gowuşdy" diýip, Aşgabadyň hassahanalarynyň birinde işleýän saglyk işgäri anonimlik şertinde 20-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu görkezmeden we hassahanalara koronawirus näsaglary ýerleşdirilip başlanandan soň, şäheriň keselhanalaryndaky, şol sanda ýokanç keseller hassahanasyndaky syrkawlar öýlerine ugradylyp başlandy.

"Bu syrkawlar dürli saglyk problemalary boýunça hassahanalarda bejergi alýardylar" diýip, saglyk işgäri belledi.

Bu habarlaryň arasynda, paýtagtyň käbir Saglyk öýleri ýaşy 60-dan geçen raýatlara COVID-19-a garşy waksinanyň üçünji dozasynyň 28-nji ýanwarda edilip başlanjakdygyny mälim edýär.

Şol bir wagtda, käbir Saglyk öýleriniň ilata dil üsti bilen berýän maglumatynda bu çäräniň martyň başynda amala aşyrylyp başlanjakdygy aýdylýar.

"Ýaňy-ýakynda Saglyk öýleriniň işgärlerine koronawirusa garşy waksinanyň üçünji dozasy edildi we bu proses heniz hem dowam edýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran saglyk işgäri häzirki wagt ilata gribe garşy waksina etmek işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

Türkmenistanda COVID-19-a garşy waksinany etdirmek raýatlar üçin hökmany talapdyr. Ýurtda Russiýada we Hytaýda öndürilen waksinalar resmi taýdan hasaba alyndy we häkimiýetler ilata waksina etmek prosesine 2021-nji ýylyň ýanwarynda girişdi.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri ilatyň näçe göterimine waksina edilendigi baradaky sanlary hem aç-açan yglan etmeýär.

Azatlygyň habarçylary şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap saglyk işgärlerine, polisiýa wekillerine, aeroportlaryň we başga-da birnäçe edaranyň işgärlerine COVID-19 sanjymynyň ýene bir dozasynyň edilendigini habar berdiler. Lebapdaky habarçymyz indi waksinanyň üçünji dozasynyň mekdep mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň işgärleriniň almagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan wirusyň ýaýramagyna garşy karantin çäklendirmelerini güýçlendirip, 15-nji ýanwarda ýene bir gulplama girizdi. Ýurtda bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we tomaşa desgalary ýapyldy.

Mary welaýatyndaky habarçymyzyň 19-njy ýanwarda beren maglumatyna görä, ýol polisiýasy ulag sürüjilerinden adaty dokument barlagyndan daşary COVID-19 testiniň netijesini hem talap edip başlady. Test görkezmezden, ýoluňy dowam etdirmäge rugsat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri gulplama, munuň bilen bagly görülýän çäreler, şol sanda ýapylan iş ýerleri we bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada pandemiýanyň başyndan bäri ýeke gezek-de aç-açan beýanat bilen çykyş etmedi.

Ýurtda karantin çäklendirmeleriniň nobatdaky gezek güýçlendirilmegi, paýtagtyň we sebitleriň saglygy saklaýyş işgärleriniň COVID-19 hadysalarynyň ýene-de köpelýändigini gizlinlik şertlerinde gürrüň beren mahalyna gabat geldi.

Bu aralykda, Aşgabatdaky beýleki bir habarçymyz karantin çäklendirmeleriniň orta mekdeplerde hem güýçlendirilýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, okuwçylardan lukmançylyk kömegi üçin gapyrjaklary ýene öz ýanlary bilen getirmek talap edilýär.

"Gapyrjakda iki sany maska, okselin mazy, el üçin dezinfeksiýa suwuklygy, gulak arassalamak üçin niýetlenen, ujy pagtaly çöpler we şuňa meňzeş zatlar bolmaly. Bulary satyn almak ene-atalara 50 manada düşýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran paýtagtly ene 20-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde şahsy kömek gapyrjaklary ýurtda koronawirus keseliniň köpelmeginiň fonunda, 2020-nji ýylda girizilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG