Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan Russiýanyň Ukrainany birnäçe günüň ýa-da hepdäniň dowamynda basyp alyp biljekdigini, emma Moskwanyň Ukrainanyň golaýynda toplan goşunlary bilen bagly dartgynlygy gowşatmak üçin diplomatiýany hem saýlap biljekdigini aýtdy.
Salliwan bu pikirini 6-njy fewralda, ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiniň bir geňeşçisi ýokarlanan dartgynlygy diplomatiýa arkaly gowşatmak mümkinçiliginiň hüjüm edilmek ähtimallygyndan ýokary bolup galýandygyny aýdyp aýak depeninden we daşary işler ministri Dmitro Kuleba “apokaliptik çaklamalara” ynanmazlyk barada duýduryş berenden soň, ABŞ telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.
Emma Salliwan, ABŞ-nyň goşunlarynyň Polşa gelen wagtynda "Fox News" bilen söhbetdeş bolup, "Biz penjiräniň öňünde. Russiýa islendik gün Ukraina garşy harby çäre görüp biler, ýa-da bu birnäçe hepdeden bolup biler, ýa-da Russiýa muňa derek diplomatiýa ýodasyny saýlap biler" diýdi.
Ol NBC telekanalyna beren interwýusynda Russiýanyň Ukrainanyň Donbas sebitini basyp almak, kiber hüjümlerini etmek ýa-da Ukrainany doly basyp almak çärelerine ýüz urup biljekdigini aýtdy.
Zelenskiniň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak Russiýanyň soňky tagallalarynyň "yzygiderli we köpgyraňly psihologiki basyşy üpjün etmekden" ybarat bolandygyny, özem munuň "düýpden geň galdyrmaýandygyny" aýtdy.
Moskwa Günbatar ýurtlarynyň özüne Ukraina çozmaga taýynlyk görýändigi barada bildirýän aýyplamalaryny ret etdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.