Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystanyň Ýokary kazyýeti yslamçy alymyň türme hökümini güýjünde galdyrdy


Albert (Gabdrahman ) Naumow (Çepde), aklawçy Ruslan Nagiýew, Kazan.
Albert (Gabdrahman ) Naumow (Çepde), aklawçy Ruslan Nagiýew, Kazan.

Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň Ýokary kazyýeti gadagan edilen dini toparyň ýerli bölümini dolandyrany üçin ýyl kesilen tanymal yslam alymynyň şikaýat arzasyny ret etdi.

Noýabr aýynda 6 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edilen Gabdrahman Naumowyň aklawçysy Ruslan Nagiýew Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Ýokary suduň 8-nji fewralda öz müşderisine çykarylan hökümi güýjünde galdyrandygyny aýtdy.

Orsýetdäki Yslam uniwersitetiniň mugallymy we paýtagt Kazandaky metjidiň öňki ymamy hökmünde, Naumow Tatarystanda gowy tanalýar.

Ol 2020-nji ýylyň mart aýynda tussag edilip, Tatarystanda “Nurçylar” hereketiniň lideri bolmakda aýyplandy.

Naumow hiç haçan ekstremist ýa-da radikal taglymatlary, ideýalary öňe sürmändigini, paýlaşmaýandygyny we goldamandygyny aýdyp, bu aýyplamalary ret etdi.

Nagiýew Ýokary kazyýetiň kararynyň üstünden ýokary federal kazyýetlerde şikaýat ediljekdigini aýtdy.

“Nurçylar” hereketi 1960-njy ýylda aradan çykan Said Nursi tarapyndan, Türkiýede esaslandyryldy.

Dünýäde, hususan-da Türkiýede millionlarça eýerijisi “Nurçylar” hereketi Russiýada 2008-nji ýylda gadagan edildi.

Rus häkimiýetleri bu toparyň Ýakyn Gündogar, Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Russiýanyň Demirgazyk Kawkazdaky we Wolga boýundaky türk dilli sebitlerinde ýerleşýän türki dilli halkalary öz içine alýan yslam döwletiniň döredilmegini öňe sürýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG