Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski, Makron Kiýewde Minsk ylalaşygyny maslahatlaşdy


Fransuz prezidenti Emmanuel Makron Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren ençeme sagatlyk gepleşiginden bir gün soň, ikinji gün Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski bilen gepleşik geçirdi.

Zelenski Makrona Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we ýurtda geçirilýän özgertmeleri goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Fransuz prezidenti Parižiň Ukrainanyň azatlyga we demokratiýa ymtylyşyny, şeýle-de Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny aýtdy.

Makronyň sözlerine görä, Zelenski Ukrainanyň Donbasdaky konflikti çözmek meselesinde Minsk ylalaşygyny ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklady. Ol Zelenskiniň goňşy ýurtdan abanyp biljek çozuş wehiminiň garşysynda "sowukganly" hereket edýändigini aýtdy.

Makron Minsk ylalaşygynyň düşündirilişinde dürli çemeleşmeleriň bardygyny boýun aldy, ýöne oňa bir manynda düşünilmegi üçin anyk ädimleriň ädilmegine çagyrdy.

Makronyň sözlerine görä, “normand dörtlügi” ýurtlarynyň syýasy geňeşçileriniň 10-njy fewralda Berlinde ýene bir gezek duşuşmagyna garaşylýar. Bu olaryň iki hepdäniň içinde geçiren ikinji duşuşygy bolar. Zelenski “normand dörtlügine” girýän ýurtlaryň (Russiýa, Ukraina, Germaniýa we Fransiýa) sammitiniň hem ýakyn wagtda geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Gepleşiklerden soň Ukraina bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna, şol sanda ukrain demirýollary üçin ýüzlerçe fransuz lokomotiwiniň iberilmegi baradaky şertnama gol çekildi.

XS
SM
MD
LG