Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykdaky täjik blogçysynyň ejesi syýasy äheňli aýyplama esasynda tussag edildi


Şohida Mamadjonowa
Şohida Mamadjonowa

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi 8-nji fewral güni giçlik Şohida Mamadjonowanyň ekstremist hereketleri guramakda güman edilip, tussag edilendigini aýtdy.

Ministrlik bu iş boýunça goşmaça maglumat bermedi.

Ýurt içindäki we halkara hukuk toparlary, howpsuzlyk güýçlerini we beýleki güýç gurluşlaryny garşydaşlaryny gyraklatmak we başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmak üçin ulanýandygyny aýdyp, Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan awtoritar lider Emomali Rahmony ençeme ýyl bäri tankyt edýärler.

Mamadjonowa bäş gün ozal, Duşenbäniň golaýyndaky Wahdat şäheriniň polisiýa bölümine çagyrylandan soň ýitirim boldy.

Onuň ogly, Germaniýada ýaşaýan Şerzod (Abdurahmon) Mamadjonow Täjigistanda öz dini ygtykatlaryny berjaý edýän musulmanlara garşy berk çäklendiriş syýsatlaryny alyp barýan hökümeti tankytlaýan blogy bilen tanalýar.

Ol ejesiniň polisiýa tarapyndan ozalam birnäçe gezek çagyrylandygyny, häkimiýetleriň oňa daşary ýurtda ýaşaýan ogluny Täjigistana gaýdyp gelmeklige yrmagy buýrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG