Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan ministri Russiýa Belarus bilen türgenleşige başlanda, Moskwada Lawrow bilen duşuşar


Angliýanyň daşary işler ministri Liz Truss 10-njy fewralda, ukrain serhediniň alkymynda toplanan rus goşunlary sebäpli güýçlenen dartgynlygy gowşatmak tagallalarynyň äginde, Moskwada daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşýar. Günbatar bu goşun toplanmasynyň goňşy ýurda çozmaga görülýän taýýarlygyň bir bölegi bolmagyny güman edýär.

Şu aralykda Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň Polşanyň prezidenti Andrzej Duda we NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg bilen maslahatlaşmak üçin Warşawa hem-de Brýussele sapar etmegine, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzuň bolsa Berlinde Baltika ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Ýewropa liderleriniň krizisi ýeňip geçmegiň ýollaryny gözläp, kontinentde bir ýurtdan beýleki ýurda sapar edýän wagtynda Moskwa Minsk bilen 10 günlük harby türgenleşige başlady.

Iki goňşynyň bilelikde geçirýän harby türgenleşigine gatnaşmak üçin takmynan 30,000 rus esgeri Belarusa ýerleşdirildi. Bu esgerleriň Ukraina edilmegi mümkin çozuşda ulanylmagyndan howatyr edilýär.

Ukraina hem 10-njy fewralda, goňşy Belarusda geçirilýän rus türgenleşiklerine jogap hökmünde, ozal yglan eden harby türgenleşiklerine başlady.

Truss 9-njy fewralda giçlik rus paýtagtyna gelendigini we daşary işler ministri Lawrow bilen duşuşyp, “Russiýanyň haýal etmän goşunlaryny yza çekmeigi we Ukrainanyň özygtyýarlylygyna hormat goýmagy ýa-da agyr netijelere bilen ýüzbe-ýüz boljagy barada gürrüň etjekdigini” aýdyp, twit ýazdy.

XS
SM
MD
LG