Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow Žirinowskiniň “tiz wagtda sagalmagyny” arzuw etdi


Wladimir Žirinowski. Arhiw suraty

Türkmenistanyň rezidenti Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiniň koronawirus bilen kesellemegi we hassahana ýerleşdirilmegi baradaky habary "çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini" aýdýar.

“Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen, Siz häzirki döwürde bütin dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriň Size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatynda aýdylýar.

Döwlet baştutany hatynda Žirinowskiniň Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolandygyny belläp, onuň bilen “öňden gelýän dostlugyny bellemegiň özi üçin ýakymlydygyny” aýdypdyr we, oňa ähli türkmen halkynyň adyndan, “tiz wagtda sagalmagyny” arzuw etdi.

Dyzmaç rus syýasatçylarynyň biri bolan Žirinowskiý 1991-nji ýylda LDPR partiýasyny esaslandyraly bäri dawaly beýanatlary bilen ýakasyny tanatdy. Ol 1990-njy ýyllaryň ortasynda, ikinji çeçen urşy başlananda Demirgazyk Kawkaz respublikasyna ýadro bombasyny taşlamagyň tarapynda çykyş etdi.

Moskwanyň Ukrainanyň serhedinde goşun toplamagy bilen, Orsýetiň goňşy ýurda hüjüm etmek ähtimallygy bilen bagly aladalaryň arasynda, ol öz haýbatly çykyşlaryny hasam ýygjamlaşdyrdy we 27-nji dekabrda milli telewideniýede eden çykyşynda rus harbylary Täze ýyl gijesinde Ukraina bomba hüjümini etmeli diýdi.

“Eger-de men prezident bolan bolsam, onda şular ýaly hüjümi 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije, daňdan sagat 4-ler ýa 5-ler töweregi, haçanda her kim entek serhoş wagty amala aşyrardym” diýip, Döwlet dumasynyň başlygynyň orunbasary “Birinji kanalda” eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, türk dilini we taryhyny gowy bilýän Žirinowski türki dilli halklaryň garşysyna edýän birtaraply, milletçilikli çykyşlary bilen tanalýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG