Rus prezidenti Wladimir Putin 12-nji fewralda, Orsýetiň Ukraina islendik pursatda çozmaga taýýarlanýandygy baradaky aladalaryň ýokarlanmagynyň arasynda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen telefonda gepleşer.
Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskow 11-nji fewralda Putin bilen Baýdeniň arasynda geçiriljek telefon söhbetdeşligi baradaky teklibiň Waşingtondan gelendigini aýtdy. "Roýters" habar gullugynyň maglumatyna görä, Ak tamyň resmisi hem bu söhbetdeşligiň boljakdygyny tassyk etdi.
Peskowyň tassyklamagyna görä, Makron bilen geçiriljek telefon gürrüňi iki lideriň Moskwada bäş sagatdan gowrak dowam eden gepleşiginden birnäçe gün soň bolar.
Bu telefon gürrüňleri ABŞ resmileriniň Russiýanyň Ukrainanyň golaýynda uly hüjüm üçin ýeterlik boljak goşun toplandygyny aýdyp, bu hili çozuşyň gyşky Olimpiýa oýunlary gutarmanka, "islendik gün" başlanyp biljekdigini duýduranlaryndan soň gurnaldy.
Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Sulliwan hem, eger Russiýa Ukraina garşy hüjüme geçse, “munuň görnetin asuda ilaty öldürjek howa bombalamalary we raketa hüjümleri bilen başlanmagynyň ähtimaldygyny” aýtdy.
Bu hili howa hüjümi ýolagçylygy kynlaşdyrar we şindi hem Ukrainada galýan amerikanlar "bu ýeri mümkin boldugyça çalt, gelýän 24-48 sagadyň dowamynda terk etmeli“ diýip, ol aýtdy.