Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa COVID çäklendirmelerine garşy çykýan sürüjileri Kanada bilen ABŞ-ny birleşdirýän köprüden arassalamaga girişdi


Ontario sebiti biraz öň adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we protestçilere, eger-de dargamasalar, türme tussaglygynyň we uly jerimeleriň garaşýandygyny duýdurdy.
Ontario sebiti biraz öň adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we protestçilere, eger-de dargamasalar, türme tussaglygynyň we uly jerimeleriň garaşýandygyny duýdurdy.

12-nji fewralda polisiýa Kanada bilen Birleşen Ştatlary birleşdirýän köprini petiklän protestçileri ol ýerden arassalamak ugrunda çärelere başlady. Emma Kanadadaky COVID-19 saglyk çäklendirmelerine garşy çykýan ýük ulag sürüjilerini doly çykarmak başartmady.

Polisiýa olaryň ýol hereketine päsgelçilik döredýändigini aýdyp, tussag etmeler bilen haýbat atandan soň, protestçiler parahatçylykly ýagdaýda yza çekildiler. Emma polisiýa protestçileri Ontariodaky köpriniň başyndan yza tesdirip başlanda, sebite başga-da has köp adam ýygnandy.

Ontario sebiti biraz öň adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we protestçilere, eger-de dargamasalar, türme tussaglygynyň we uly jerimeleriň garaşýandygyny duýdurdy.

Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeau ýük awtoulaglarynyň sürüjileriniň ýurtda girizilen COVID-19 saglyk çäklendirmelerine garşy çykyp, paýtagt Ottawada we serhet geçelgelerinde ýol baglamagynyň "bikanun işdigini" we bes edilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG