Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanunda erkinligi kepillendirilen teatr wagyzçylyk bilen meşgullanmaga mejbur bolýar


Kanunda erkinligi kepillendirilen teatr wagyzçylyk bilen meşgullanmaga mejbur bolýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:11 0:00

Soňky ýyllarda, ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy netijesinde, teatr işi bilen meşgullanýan adamlar kyn günleri başdan geçirýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär. Megerem şu ýagdaý bilen balylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklaýan karara gol çekdi. Döwlet eýeçiligindäki media bu karary "Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek, teatr işgärlerini höweslendirmek maksady bilen" düşünidrýär. Emma ýerli synçylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen teatrlarynyň berk senzura astynda işlemeli bolýandygyny we netijede köp tomaşaçysyny ýitirendigini aýdýarlar. Şeýle-de, ýurtdaky medeni binalaryň köplenç boş durandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG