Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina boýunça güýçlenýän dartgynlygyň arasynda Makron, Putin telefonda gürleşer


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 20-nji fewralda telefon söhbetdeşligini geçirip, Ukraina boýunça güýçlenýän dartgynlygy ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu telefon söhbetdeşligi Günbatar liderleriniň Ukrainanyň golaýyna onlarça müň esger ýerleşdiren Russiýanyň öz goňşusynyň üstüne doly masştably hüjüm planlaşdyrýandygyny aýdýan mahaly geçirilýär.

Moskwa özüniň çozuş planynyň ýokdugyny aýdýar.

Bu aralykda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) synçy missiýasy soňky günlerde gündogar Ukrainada ukrain harbylary bilen rus goldawly separatistleriň arasyndaky durnuksyz front çyzygynda ok atyşmagy bes etmek düzgünleriniň bozulmagynyň “örän ýokarlanandygyny” habar berýär.

ÝHHG 19-njy fewralda Donetsk we Luhansk sebitlerinde ok atyşygy bes etmek düzgünleriniň bary-ýogy bir günüň içinde 1500 gezek bozulandygyny aýtdy.

Ukraina 20-nji fewralda rus goldawly separatistler tarapyndan gözegçilik edilýän gündogar Donbas sebitinde ýerleşýän ýedi barlag nokadynyň birinde agyr top atyşlary sebäpli operasiýalary togtatdy diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Waşingtonda, has ozal Russiýanyň öňümizdäki günlerde çozuşa girişjekdigine “ynanýandygyny” aýdan Jo Baýden 20-nji fewralda Milli howpsuzlyk geňeşi bilen krizisi maslahat eder.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG