Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly söwdagärler 'bazar kynçylyklarynyň' çözgüdine saýlawlardan çykalga gözleýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Maryda häkimiýetleriň başa barmaýan wadalarynyň arasynda, söwdagärler karantin sebäpli bazarlaryň ýapyk galmagy bilen bagly uzaga çeken kynçylyklarynyň çözgüdine saýlawlardan çykalga gözleýär. Häkimiýetler bazarlaryň açylmagy üçin Serdar Berdimuhamedowa ses bermäge çagyrýan mahaly, söwdagärler bu çagyryşa garşylyk görkezip, prezidentlige Mary welaýatyndan dalaş edýän kandidata ses berjekdiklerini aýtdylar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, Baýramaly etrap bazary 16-njy ýanwarda karantine ýapylansoň, söwdagärler gök-bakja önümleriniň çüýräp, zaýa bolmagynyň we maddy zyýan çekmegiň öňüni almak üçin Medeniýet ýolunyň ugrunda özbaşdak, emeli bazar döretmäge mejbur boldular.

"Biziň satmak üçin alan azyklarymyz gözümiziň öňünde zaýalanyp başlady. Biz "gökçüler" bolup bir çykalga tapmagy maslahatlaşyp, şäheriň gyrasynda azyklarymyzy satyp başladyk. Ilkibaşda biziň sanymyz takmynan 30-40 adamdy. Soňra welaýatyň dürli etraplaryndan diňe azyk däl, eýse egin-eşik, derman, elektronika, gazan we ojak satýan söwdagärler bize goşuldylar. Biz uly bazar bolduk. Bu ýerdäki söwdagärleriň sany 1 müňden aşdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran söwdagärleriň biri 21-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri 15-nji ýanwarda ýurtda ýene bir gulplama girizdi. Bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we güýmenje desgalary ýapyldy. Şeýle-de, ýurt içindäki uçuşlar çäklendirilip, ýollara gözegçilik güýçlendirildi. Bu çäklendirmeleriň arasynda, müňlerçe adam, şol sanda söwdagärler gazançsyz galdy.

Maryly habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ençeme söwdagäriň sözlerine görä, 31-nji ýanwardan bäri häkimligiň işgärleri emeli bazara gaýta-gaýta gelip, söwdagärleri bu ýerden hem kowmaga synanyşýarlar.

Şeýle synanyşyklaryň soňkusy 18-nji fewralda boldy. Şonda häkim söwdagärleri "Serdar Berdimuhamedowa ses bermäge" çagyrdy we "ol prezidentlige saýlansa, ähli bazarlaryň açyljakdygyny" wada berdi.

"Häkim "Ýygnanyň, bir gowy, hoş habar getirdim" diýip, satyjylary bir ýere üýşmäge çagyrdy. Emma "ýene boş gürrüň" aýdar diýip, ýekeje adam hem barmady. Adamlar häkimiň ýanyna barmansoň, ol bazaryň orta gürpüne baryp, uly ses bilen "Ine, basym saýlaw bar. Serdar Berdimuhamedow saýlansa, nesip bolsa bazarlaryň ählisi açylar" diýip, halka Serdara ses bereliň diýen äheňde çykyş etdi" diýip, söwdagär aýtdy.

Ýöne "häkimiýetleriň başa barmaýan wadalaryndan halys ýadan" adamlar bazarlaryň ýapyk galmagy bilen bagly uzaga çeken kynçylyklarynyň çözgüdine saýlawlardan çykalga gözläp, häkimiň bu çagyryşyna garşylyk görkezdiler we saýlawlarda Marydan çykan dalaşgäre ses berjekdiklerini aýtdylar.

"Adamlar "Öňem [şolardan] bizar. Häkimiýet başyna biri-birinden beterler gelýär. Biz öz welaýatymyzdaky adama, ýagny häkimiň orunbasary Agajan Bekmyradowa ses berjek" diýdiler. "Indi gelip, bize zat aýtmaň. Biz sizden bizar bolduk" hem diýip, adamlar sözlerine goşdy. Häkim geplemän yzyna gitdi" diýip, baýramalyly söwdagär häkimiýetleriň bazarlary açmak barada soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda üç gezek wada berendigini, ýöne bularyň başa barmandygyny hem sözüne goşdy.

Bellesek, 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna 22-nji fewrala çenli ýedi dalaşgär, şol sanda döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Serdar Berdimuhamedow we ýurduň Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenen Agajan Bekmyradow bellige alyndy. Şeýle-de, başga-da iki dalaşgär hödürlendi.

Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Habarçylarymyz we Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduň edara-kärhanalarynda Serdar Berdimuhamedowy wagyz etmek işleriniň onuň dalaşgärligi ýurtda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar tarapyndan bellige alynmazdan öň, ýagny 14-nji fewralda başlanandygyny habar berdiler. Merkezi topar Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligini 15-nji fewralda hasaba alypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG