Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan iýulda başlan gatnawyny dikeldip, Türkiýede galan 270 raýatyny yzyna getirdi


Hytaýdan uçmaga taýýarlanýan türkmen uçary. Arhiw suraty
Hytaýdan uçmaga taýýarlanýan türkmen uçary. Arhiw suraty

30-njy oktýabr gijesi, gije ýarym bolmazynyň öň ýanynda Türkmenabadyň uçar menziline gonan uçar Stambuldan 270 töweregi ýolgaçyny alyp geldi diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Bu uçar gatnawy “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçy uçary arkaly amala aşyryldy we ýurduna dolanan türkmenistanlylaryň arasynda näsaglar, has agyr ýagdaýdaky hassalar we ýaş çagaly eneler hem bar diýip, 31-nji oktýabr güni irden gelen maglumatda aýdylýar.

Azatlygyň habarçysy bu maglumaty uçar menzilindäki çeşmeden alypdyr. Onuň sözlerine görä, gije gelen ýolagçylar 21 günlük karantine ýerleşdirilip, olaryň arasyndaky näsaglar hassahanalara alnyp gidildi.

Azatlygyň habarçysy 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň uçar gatnawlarynyň ýapylmagy netijesinde daşarda galan raýatlaryny yzyna getirmek üçin azyndan iki sany uçar gatnawyny gurnamakçy bolýandygyny habar berdi.

Türkmen hökümetine ýakyn çeşme şol gün munuň iýul aýyndan bäri guraljak ilkinji çarter gatnawy boljakdygyny aýtdy.

"Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Stambuldan we Ankaradan iki uçar gatnawynyň guraljakdygy mälim boldy. Bu uçarlaryň biriniň Lebap welaýatynyň Türkmenabat, beýlekisiniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherlerine gonmagyna garaşylýar" diýip, Azatlygyň çeşmesi 26-njy oktýabrda beren maglumatynda aýtdy. Ýöne şol wagt uçar gatnawynyň noýabryň aýagyna çenli yza çekilmek ähtimallygy hem bellendi.

Emma görnüşinden, gürrüňi edilýän uçar gatnawlarynyň ilkinjisi noýabrdan öň amala aşyryldy.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistan raýatlarynyň “Türkmenhowaýollary” uçar kompaniýasynyň kassalaryndan bir ýarym ýyl öň satyn alan biletleriniň pullaryny yzyna gaýtaryp bermäge başlady diýip, habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistan pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda serhetlerini ýapyp, ýurduň milli uçar kompaniýasynyň uçar gatnawlaryny hem togtatdy we bu ýagdaý bir tarapdan ýurt içindäki ýolagçylary kösese, ikinji tarapdan daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň uzak wagtlap maşgalalaryndan aýralykda ýaşamagyna, türkmen aktiwistleriniň ýollaryň açylmagyna çagyryp geçirýän dürli protest çäreleriniň gürelmegine sebäp boldy.

“Bilet satyn alan, ýöne bir ýyl garaşyp, hiç ýere uçup bilmedik raýatlar indi nobata durup, bilet üçin tölän pullaryny yzyna alýarlar” diýip, habarda aýdylýar.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň sözlerine görä, milli uçar kompaniýasynyň bilet kassalaryndan Türkmenistan boýunça umumulykda 6,5 müň müşderä bilet satylypdyr, olaryň 4 müňden gowragy bilet üçin tölän puluny yzyna almak üçin nobat belledi, has anygy, edil häzir 4 müň 50 raýat puluny yzyna alýar diýip, habarçy aýtdy.

Emma görnüşinden, belki-de manat ýetmezçilikleri ýa-da guramaçylyk işleriniň derejesi bilen baglylykda, adamlaryň basymrak pullaryny yzyna almak synanyşyklary hem aňsat başa barmaýar.

“Her aýda bary-ýogy 100-den gowrak adam bilet üçin tölän puluny yzyna alyp bilýär” diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurduň içinde islendik ýere uçmak üçin satylan biletleriň puluny bölekleýin yzyna gaýtarmak işleri, haýal hem bolsa, dowam edýär.

Aýdylmagyna görä, bilet puluny yzyna aljak adam gaty kän. Ýöne “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy bilet alan ýolagçylaryň ählisiniň biletlerini gijikdirmän yzyna alyp bilmeýär, puluňy yzyna almak üçin her hepde uçar menziliniň kassasyna jaň etmeli we nobatyňy sorap, gyzyklanyp durmaly, şonda biletleri yzyna tabşyryp, pul alyp bilseň hem zor boldygyň diýip, bu kynçylygy başdan geçiren ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Daşary ýurtlarda galan raýatlary yzyna getirmek üçin guralan öňki uçar gatnawy üç aý mundan öň amala aşyryldy. Şonda Azatlygyň habarçylary 17-nji iýulda Stambuldan getirilen türkmenistanlylaryň sanynyň 140 adam bolandygyny habar berdiler.

“Bu üç aý arakesmeden soň gurnalan uçar gatnawy, ýene daşary ýurtda galan adamlary getirip başladylar, dowamy bolsun” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýolagçy aýtdy.

Şu aralykda Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistandan 25-nji çykyş uçaryny gurnady. Resmi habara görä, Orsýetiň S7 uçarynda bu gezek Türkmenabatdan Moskwa 176 ýolagçy geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG